Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Belgorhimprom”: Türkmenistan bilen dawada özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat
Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat

Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan wagtynda, “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasynyň baş müdiri Wýaçeslaw Korşun News.tut.by neşrine interwýu berdi.

7-nji martda Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasynyň işinden öz nägileligi boýunça Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygy habar berildi.

Munuň yzýany, Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasy türkmen tarapynyň Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli nägileliginden özüniň habarlydygyny tassyklap, amala aşyran işleri üçin Türkmenistandan $150 million amerikan dollaryndan gowrak puly talap edendigini aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky özara dawanyň fonunda, “Belgorhimpromyň” baş müdiri Wýaçeslaw Korşun Belarusyň News.tut.by neşrine interwýu berdi.

21-nji martda çap edilen interwýuda Korşun zawoduň özboluşly geologik aýratynlygyny nazara alyp, proýektiň amala aşyrylmagynda öňde baryjy tehnologiýalaryň ulanylandygyny we “Belgorhimpromyň” kombinatyň gurluşygyny doly üpjün edendigini aýtdy.

“Şertnamada diňe kombinatyň gurluşygy däl, eýse ol ulanyşa berlenden soňky birnäçe ýylyň dowamynda onuň işini goldamak hem göz öňünde tutulýardy. Ýagny türkmen tarapy kombinatyň işini “Belgorhimpromyň” wekilleriniň gözegçiligi esasynda amala aşyrmalydy. Gynansakda munuň yzýany, belarus hünärmenlerine kombinatyň işine tehniki goldawy bermäge rugsat berilmedi” diýip, Korşun belleýär.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, “Belgorhimprom” kombinaty türkmen tarapyna tabşyrmazdan öň, onuň ulanyşa taýýar däldigine göz ýetirip, belarus tarapy “Türkmenistana hat bilen ýüz tutupdyr. Şol hatda belarus tarapy Türkmenistandan zawody 2017-nji ýylyň 31-nji martynda kabul etmegi we kombinatyň tamamlanmadyk hem-de üpjün edilmedik böleklerini goşmaça şertnamanyň esasynda ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçirmegi sorapdyr”. Ýöne akta gol çekilenden soňra, “belarus tarapy hiç zat etmändir we täze wagt möhleti hem berjaý edilmändir”.

Bu wakalaryň nähili özgerendigi barada berlen soraga, Korşun “şol döwür türkmen tarapynyň özleri bilen hasaplaşmagy wada berendigini, ýöne munuň berjaý edilmändigini we olaryň gurluşygy maliýeleşdirmegi hem bes edendigini” aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu sebäpli “Belgorhimprom” 2018-nji ýylyň 16-njy martynda özüniň galan işini togtatmaga mejbur bolupdyr. Şondan soň “Belgorhimprom” türkmen tarapyna 52 million amerikan dollary möçberindäki karzyny tölese, onda özleriniň tehniki goldawy bermegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny aýdypdyr.

“Emma müşderimiz kombinatyň işi boýunça tehniki maglumatlary bermek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi. Men nygtaýaryn, müşderimiz biziň hünärmenlerimizi kombinatyň ýerleşýän ýerine goýbermedi. Şondan soň türkmen tarapy bilen hemmetaraplaýyn dialogy amala aşyryp hem bolmady. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 28-nji maýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni şertnamanyň bes edilýändigini duýdurdy” diýip, Korşun belleýär.

Türkmen mediasy “Belgorhimpromyň” üstünden eden şikaýatynyň kombinatyň gurluşygy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär. Hususan-da, “Belgorhimprom” kombinatyň serişdelerini, gurluşyk we elektrotehniki işlerini we beýleki hyzmatlary doly möçberde üpjün etmezlikde aýyplanýar diýlende, Korşun muňa şeýle jogap berýär:

“Birinjiden, islendik şikaýat bir zada esaslanmaly. Ikinjiden, geň galmaly ýeri, siziň agzap geçen şikaýatlaryňyzyň – hakykatda olaryň möçberi ujypsyzjady – gerimi türkmen tarapy kombinatyň işi üçin soňky hasaplaşygy amala aşyrmaly wagty güýçlendi. Biz olaryň görkezýän delilleriniň esassyzdygyny her gezek subut etdik” diýip, Korşun aýtdy.

Şeýle-de, ol bu kombinatyň gurluşygy bilen bagly esasy meselelere Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň yzygiderli gatnaşandygyny hem belläp, türkmen tarapynyň özara dörän dawa barada anyk düşündiriş bermekden saklanýandygyny hem belledi.

Belarus neşiri Korşuna “Biziň bilşimize görä, “Türkmenhimiýanyň” “işdäsi” siziňkiden has güýçli. Olar belarus tarapyndan 250 million dollar talap edýärler” diýende, ol: “siziň aýdýan sanlaryňyz türkmen tarapynyň hiç zada esaslanmaýan gürrüňleri. Bizde hemme zat anyk we aýdyň – Biziň eden işimiz we hyzmatymyz üçin töleg töläň” diýip, Korşun häzirki wagt dawaly meseläni diňe arbitraž sudunda çözüp boljakdygyny belledi.

“Şwed sudunda bu işe üç arbitr sereder. Olaryň biri biz, beýlekisi-de türkmen tarapyndan bellenilen. Biz bu işe Stokgolmyň arbitraž sudy we arbitrler tarapyndan obýektiw serediljekdigine şübhe bildirmeýäris. Biz özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys” diýip, Korşun aýtdy.

XS
SM
MD
LG