Soňky hepdelerde Eýranyň günbatar we günorta-günbatar böleklerine gelen agyr sil, onlarça adamy öldürmek we müňlerçe adamy öýünden bosdurmak bilen, hökümetiň bu krizis wagtyndaky kömek çäreleriniň berk tankyt edilmegine sebäp boldy.
Hepdeläp ýagan agyr ýagyşlar güýçli sil gelmegine sebäp boldy we ýurduň 20 sebitinde ýüzlerçe şäherçäni we obany süpürip geçdi.
Dagly ýerde ýerleşýän Lorestan welaýaty we nebit öndürýän Khuzenstan welaýaty siliň has agyr gelen sebitleri boldy we bu ýagdaý onlarça şäherçäniň we obanyň adamlarynyň ewakuasiýa edilmegine, jaýlara we infrastruktura ummasyz kän zyýan ýetmegine alyp geldi
Soňky hepdelerde gelen sil netijesinden azyndan 60 adam heläk boldy diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Eýran gullugy, Farda radiosy 3-nji aprelde habar berdi. Şeýle-de ýiten we tapylmaýan adamlaryň köpdügi habar berilýär.
Eýranyň Gyzyl Ýarymaý kömek guramasynyň başlygy Sarem Razaee Pol-e Dokhtar şäheriniň “agyr krizis” ýagdaýyndadygyny, şäheriň üçden iki böleginiň suw astynda galandygyny aýtdy.
Lorestan welaýatynda azyndan 60 obanyň suw astynda galandygy habar berildi.
Eýranyň adatdan daşary ýagdaý gulluklary Pol-e Dokhtar şäherine dört dikuçar getirdiler, sebäbi şäheriň gury ýer ýollarynyň birnäçesi baglanypdy. Köp adam çadyrlarda ýerleşdirildi we ol ýere käbir azyk önümleri ýetişdirildi.
Emma parlament agzasy Mahmud Sadeki prezident Hassan Rohana Lorestan welaýatynyň betbagtçylyk bilen “ýüzbe-ýüz durandygyny”, adamlara gyssagly ýagdaýda azyk, suw we derman ýetişdirmelidigini duýdurdy.
Ol “tertip-düzgünsizligiň we plansyzlygyň giň ýaýrandygyny” hem sözüne goşdy.
Müňlerçe adam köplenç ýagyş ýagýan howada ýeterlik azyksyz we egin-eşiksiz açyk meýdanda galmagyny dowam etdirýär.
Kömek tagallalary, köp adamyň pikirine görä, ýeterlik däl we hem hökümet, hem-de kömek gulluklary berilýän ýardamyň juda ujypsyzdygy, sil uran ýerlerdäki on müňlerçe adamyň iň wajyp zerurlyklaryna hötde gelerden hem ejiz bolup çykandyklary üçin berk tankyt astyna düşdi.
Yslamçy rewoplýusiýa gwardiýasy korpusynyň gury ýer güýçleriniň komandiri Mohammad Pakpur Pol-e Dokhtar şäherindäki halas ediş we komek operasiýalarynda “dolandyryşyň” ýokdugyny, hökümet resmileriniň ol ýere barmaga “het edip bilmejekdigini”, sebäbi adamlaryň “pitneçilik meýlindedigini” aýtdy.
Şeýle-de ol ýaşaýan ýerlerinden ewakuasiýa edilen adamlaryň “gözgyny ýagdaýdadygyny we olaryň şertleriniň ýaramazdygyny” sözüne goşdy.
Pol-e Dokhtar şäherinde bolan parlament deputaty Hamidreza Kazemi ol ýerde köp adamyň “daglyk ýerlere gaçyp çykyp, iki gijäni hiç zatsyz, açyk meýdanda geçirendiklerini” aýtdy diýip, “Fars” habar gullugy habar berdi.
Kazemi hökümet we kömek guramalaryny bu ýere azyk we ýyly eşikleri ibermäge çagyrdy.
Lorestanyň gubernatory Seyyed Musa Khademi öz welaýatynda adamlaryň düýpli ynsanperwerçilik zerurlyklarynyň ödelmeýändigini aýtdy. Gubernatoryň edarasynyň Mamoolan şäherindäki wekili Eýranyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň bu sebitde hiç bir çäre görmeýändigini tankyt etdi.
Baýry syýasatçy Mohsen Rezaee Khuzestan welaýatyndaky Karhe bendiniň agyr ýagdaýdadygyny we köpräk suw goýbermelidigini aýtdy.
Kermanşah welaýatynyň gubernatory Asadollah Razani 2-nji aprelde siliň öz regionyndan ýollara we kanallara 60 million dollardan hem kän möçberde zyýan ýetirendigini aýtdy diýip, IRNA habar berdi. Ol 70 müň gektar ekerançylyk ýeriniň hem weýran bolandygyny aýtdy.