Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ozalky baş prokuror Kodirowyň gynalandygy baradaky gürrüňleri ret edýär


Rashitjon Qodirov, the former general prosecutor of Uzbekistan
Rashitjon Qodirov, the former general prosecutor of Uzbekistan

Özbek häkimiýetleri “Amnesty International” guramasynyň ozalky baş prokurororyň, korrupsiýa aýyyplamalary esasynda sud edilýän Raşidjon Kodirowyň gynalmak ähtimallygynyň öňünde durandygy barada aýdýanlaryny ret etdi.

Baş prokuraturanyň edarasy 11-nji aprelde beýanat çap edip, derňewiň çäginde geçirilen medisina barlaglarynyň “Kodirowyň saglyk ýagdaýy onuň tussaglykda saklanylmagyna mümkinçilik berýär we hiç bir beden ýarasy ýüze çykarylmady” diýen netijä gelendigini aýtdy.

67 ýaşyndaky Kodirowyň sudy Daşkentde, ýapyk gapylaryň arkasynda, ýanwaryň başyndan bäri geçirilýär.

Ol “para almakda, gorkuzyp pul almakda, wezipeden bikanun peýdalanmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplanýar” diýip, Baş prokuraturanyň edarasy aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy 8-nji apreldeÖzbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Kodirowyň we onuň 12 sany iş şäriginiň “adam gynamalaryndan we beýleki ýowuz daraşmalardan goralmagyny, olaryň derrew zerur we dürs medisina kömegini alyp bilmegini” üpjün etmäge çagyrdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän hukuk guramasy “ynamdar çeşmelere” salgylanyp, olaryň Kodirow tussaglykda “fiziki zorluga, ýaňsyly jezalandyrmalara we beýleki ýowuz daraşmalara” sezewar edilýändigini aýdandyklaryny habar berdi.

Baş prokuraturanyň edarasynyň beýanatynda “Kodirowyň we beýleki sud edilýänleriň ýaşlaryny nazara alyp, olaryň saglyk ýagdaýlaryna zerur bolan medisina gözegçiliginiň edilendigi” aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda Kodirowyň tussag edilen badyna “kanuny gorag almak hukugy bilen üpjün edilendigi” aýdylýar.

Ozalky prokuror öz günäsini bölekleýin boýun aldy we sudda özüne boýun alyş üçin basyş görkezilmändigini aýtdy diýip, beýantda bellenilýär.

Kodirow wezipeden boşadylandan üç ýyla golaý soňra,merhum prezident Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň derňewi bilen bagly resmileriň arassalanyşynyň arasynda tussag edildi.

Ýurduň iň ýokary kanun ýerine ýetiriji resmisi bolup 15 ýyl işlän Kodirow 2014-nji ýylda Gülnara tussag edilende we korrupsiýada aýyplananda baş prokuror bolup işleýärdi.

Ol 2013-nji ýylda, şwed mediasy Kerimowanyň öz wezipesini Özbegistanda maýa ýatyrmakçy bolýan halkara telekom kompaniýalary üçin derweze sakçysy hökmünde ulanýandygy barada habar berenden soň tussag edildi.

Özbek resmileri soň Kerimowanyň 2017-nji ýylyň dekabrynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdylar. Emma soňkusy ýyl türme tussaglygy bäş ýyl gysgaldyldy.

Özbegistan ýurdy Sowet Soýuzy synandan soň berk gysyma gysan Kerimow döwründe izolýasiýa düşüp, ykdysady taýdan durgunlyga uçrady.

Kerimow 2016-njy ýylda aradan çykaly bäri, onuň ýerine prezident bolan Şawkat Mirziýoýew Keromow döwründen bäri häkimiýetde bolan hökümet gullukçylaryny açyk tankyt etdi we olaryň bir toparyny wezipeden çetleşdirdi.

Mirziýoýew Kodirow tussag edilmezinden birnäçe hepde öň ýurduň hökmürowan milli howpsuzlyk býurosynyň başlygy Rustam Inoýatowy hem wezipesinden boşatdy.

XS
SM
MD
LG