Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet işgärleriniň arasynda daşary ýurt ÝOJ-larynyň tassyklanan sanawy boýunça düşündiriş geçirýärler


Aşgabat. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Türkmenistanda ykrar edilýän daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawynyň tassyklanmagynyň yzysüre ýurduň döwlet edaralarynda we mekdeplerinde düşündiriş çärelerini geçirmäge başladylar.

“Azatlygyň” habarçysynyň habar bermegine görä, geçirilýän ýygnaklara güýç gurluşlarynyň wekilleri hem gatnaşýar.

"19-njy aprelde sagat 15-de býujet edaralarynyň wekillerini, mekdep mugallymlaryndan başga, gyssagly ýagdaýda Daşoguz häkimligine ýygnadylar. Bu ýygnaga bilim edaralarynyň, güýç gurluşlarynyň, migrasiýa gullugynyň wekilleri çagyrylyp, Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek, studentlerine okuw üçin walýuta konwertasiýsyna rugsat beriljek daşary ýurt ÝOJ-larynyň tassyklanan sanawy yglan edildi” diýip, “Azatlygyň” ýurt içindäki habarçysy 19-njy aprelde habar berdi.

Şeýle-de ol ýygnananlara bu tassyklanan sanawyň her ýylda, “institutlaryň reýtingine baglylykda”, täzelenip durjakdygynyň duýdurylandygyny aýtdy.

Bilim pudagynyň işgärleri soňky günlerde paýtagtyň mekdeplerinde ýokary klas okuwçylary, olaryň ene-atalary bilen duşuşyk geçirip, okamak üçin Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ÝOJ-laryny saýlamak boýunça geňeş-maslahat berýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan we ýurtda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawy biraz öň halka ýetirildi. Bu sanaw 1-nji sentýabrdan güýje girýär.

16-njy aprelde “Azatlygyň” redaksiýasyna gelip gowşan sanawa laýyklykda, tassyklanylan okuw jaýlarynyň arasynda Orsýetiň, Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gürjüstanyň we Belarusyň ÝOJ-lary bar. Oňa Belarusdan we Gürjüstandan bir uniwersitetden girizilen bolsa, Gazagystandan iki, Orsýetden, Hindistandan we Hytaýdan onlarça ÝOJ girizilipdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda köpler döwletiň daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okaýan studentler üçin nazarda tutulan pul konwertasiýasyny alada edýär.

“Azatlygyň” habarçysynyň sözlerine görä, bu 19-njy aprelde Daşoguzda guralan ýygnaga gatnaşanlaryň hem iň köp gyzyklanan meselesi boldy. Ynjalykdan gaçan ene-atalaryň studentleriň öňden bäri okap gelýän ÝOJ-laryndaky okuw üçin konwertasiýa rugsat edilermi diýen soraglaryna anyk jogap berilmedi. “Bu banklara bagly” diýip, gümürtik jogap berildi. Bu konwertasiýanyň bolmajakdygyny aňladýardy.

“Azatlygyň” Türkmenistandaky habarçylary ozal studentleriň öňden okap gelýän we häzir resmi sanawa girizilmedik daşary ýurt ÝOJ-laryna hem resmi kurs boýunça walýuta konwertasiýa etmek mümkinçiliginiň boljakdygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynda 1 dollaryň resmi kursy uzak wagt bäri üýtgewsiz, 3,5 manat bolmagynda saklanylýar. Gara bazardaky kurs bolsa tasdan bäş esse ýokary. Mundan başga, ýurtda nagt görnüşde walýuta çalyşmak 2016-njy ýyldan bäri bikanun bolup durýar.

Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilýän ÝOJ-laryň sanawynyň tassyklanmagyndan soň, adamlary ýene bir köp gyzyklandyrýan meseleleriň biri goşun gullugyna çagyryş bolup durýar.

"Migrasiýa gullugynyň wekili studentleri, podkursda, internaturada we magistraturada okamaýan bolsa, okuwyny tamamlaýança goşun gullugyna almajakdyklaryny nygtady. Sanawa girizilmedik ÝOJ-lardan çagalary üçin şu ýylyň sentýabrynda gelmek barada çakylyk alan ene-atalar dowla düşdüler” diýip, “Azatlygyň” Türkmenistandaky habarçysy habar berýär.

Onuň szölerine görä, Daşoguzdaky ýygnakda gaýybana okanlaryň diplomalarynyň ýurtda ykrar edilmejekdigi habar berildi.

“Azatlyk” radiosy bu ýygnak barada Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinden resmi düşündiriş alyp bilmedi. “Azatlyk” häzir Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi düşündiriş almaga synanyşýar.

Daşary ýurt ÝOJ-larynyň ýurtda barha kän meşhurlyga eýe bolýandygyna garamazdan, türkmen ýaşlary uzak ýyllar bäri daşary ýurt diplomlaryny tassyklatmak kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

"Edil häzir, ýurtda ýokary bilimli saglyk işgärleriniň ýiti ýetmezçilik edýän wagtynda hem daşary ýurt ÝOJ-larynyň diplomlaryny ykrar etmeýärler. Hatda öz diplomlaryny tassyklatmagy başaranlar hem boş duran iş ýerlerine ýerleşip bilmeýärler. Bu diňe uly möçberde, 2-3 müň dollar para beren ýagdaýyňda mümkin. Köp adam ýurtdan gaçýar” diýip, “Azatlygyň” habarçylarynyň biri belleýär.

Onlarça müň türkmenistanly daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Orsýet Federasiýasynyň we UkrainanyňÝOJ-larynda bilim alýar.

“Azatlygyň” habarçylarynyň sözlerine görä, tassyklanan uniwersitetleriň sanawy düzülende, häkimiýetler 16-njy martda kabul edilen haýsydyr bir karara salgylanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG