Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ‘kitap açlygyny çekýän’ ýurtda kitaphana gününi teklip edýär


Köçede satylýan köne kitaplar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda hepdäniň bir gününi “kitaphana güni” diýip yglan etmegi teklip etdi.

Bu teklip prezidentiň Döwlet kitaphanasyna baryp, ol ýerde öz ýazan kitaplary esasynda döredilen täze tekjeleri synlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda, Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň häkimiýet başyna geleli bäri Türkmenistanda iň öndümli işleýän we kitaplary birbada üç dilde çap edilýän ýazyja öwrüldi. 2007-nji ýyldan öň Türkmenistanda esasy ýazyjy “Şa Şahyr” diýip wasp edilýän Saparmyrat Nyýazow bolupdy.

Emma ýurtda häkimiýet çalşandan soň, S.Nyýazowyň “Ruhnamasy” we beýleki kitaplary okuw programmalaryndan we türkmen durmuşyndan çetleşdirildi we olaryň ornunda dörän boşluk ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilýän kitaplar bilen doldurylyp başlandy.

Şol bir wagtda synçylar, Nyýazowyň kitaplary babatda edilişi ýaly, häzirlikçe Berdimuhamedowyň kitaplaryna ýadygärlik dikmek, olary kosmosa ugratmak ýaly “oýunlaryň” oýnalmaýandygyny, emma täze dörän ýazyjynyň eserlerini telewideniýede okamak, olar esasynda kino, oýun döretmek ýaly başlangyçlaryň synag edilýändigini belleýärler.

Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende ýurtda gözlenip okalýan kitaplaryň, makalalaryň, nobata durup bilet alynýan oýunlaryň, kinolaryň döredilmeýändigini boýun aldy. Şeýle-de ol ýurduň habar serişdeleriniň işini yzygiderli tankyt edýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk radiosy bilen gürleşýän ýerli ýazyjylaryň tassyklamagyna görä, ýurtda başgaça pikirlenýän, režimi öwmeýän ýazyjylara we žurnalsitlere girizilen resmi däl gadaganlyk, senzura we “gara sanaw” diýilýänler saklanyp galýar.

Synçylar munuň sebäbini döwlet baştutanynyň “medeniýet işgärleriniň wezipesi ýurtda gazanylan üstünlikleri wasp etmekden ybarat” diýen ynanjy we talaby bilen baglanyşdyrýarlar.

“Bu ýagdaý ýurtda prezidentleriň adyndan çap edilen kitaplardan başga kitaplaryň gytçylygyna, has anygy hakykykitap açlygyna alyp geldi, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda okar ýaly kitap tapmakdan kyn zat ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly ýazyjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow soňky ýyllarda kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilendigini, ýurtda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilendigini aýdýar.

Şol bir wagtda-da ol ýurtda döwlet serişdesine öndürilýän çaphana önümlerine höwesiň azdygyny gytaklaýyn boýun alyp, “okyjylaryň sanyny artdyrmak meselelerine” ünsi çekýär.

Azatlygyň habarçylarynyň ýurduň çar künjeginden berýän maglumatlaryna görä, ýurtdaky kitaphanalar köplenç boş, ol ýere iki-ýeke adam barýar, döwürleýin metbugat okyjy çekmeýär, döwlet radio-telewideniýesiniň gepleşikleri, prezidentiň özüniň hem boýun alşy ýaly, örän gowşak we bu ýagdaý adamlaryň barha kän rus, türk, özbek we azeri telewideniýelerine tomaşa etmeklerine sebäp bolýar.

Munuň üstesine, soňky onýyllyklardaTürkmenistanda başga ýurtlardan kitap, gazet-žurnal almak meselesi hem çäklendirildi. Emma indi, Berdimuhamedowyň 9-njy noýabrda aýdan sözlerinden çen tutulsa,“halkara kitaphana ulgamy arkaly kitaplary we beýleki neşir önümlerini alyşmak” mümkin boljaga meňzeýär.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow okyjylaryň sanyny köpeltmäge üns bermek, daşary ýurtlardan kitap we beýleki neşir önümlerini almak baradaky pikirleriniň gapdalyna propaganda talabyny hem goşýar. Sebäbi, onuň pikiriçe, “ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn hem oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça olaryň (kitaphanalaryň – red.belligi) işine üns bermek zerur”.

Ekspertler Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar, ýurt içinden çörek, un gytçylygynyň paýtagta hem gelip ýetendigi hakynda magluamtlar gelip gowuşýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG