Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda unuň gytçylygy dowam edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda un we çöregiň ýeter-ýetmezçiligi dowam edýär. 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde bu barada maglumat berdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda indi her iki aýda bir gezek maşgala başyna 1 halta un ýeňillikli bahadan, ýagny 50 manatdan satylýar. Mundan ozal, her maşgala başyna her aýda 1 halta un döwletiň ýeňillikli bahasyndan satylýardy.

Habarçynyň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda, un normasyndan daşgary, birinji sort unuň 1 kilogramy ilata 1 manat 90 teňňeden satylýar, ýöne onuň hili ýaramaz bolansoň, adamlar köplenç hususy dükanlardan ýa-da bazarlardan Gazagystanda öndürilen unlary satyn alýarlar.

Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň eteklerinde we welaýatlarda ýaşaýan ilatyň esasan ýerli uny satyn alýandyklaryny aýdýar.

Ýöne onuň bellemegine görä, ýurtda ýeňillikli bahadan un üpjünçiliginiň tertibi üýtgäp durýar; käwagt her maşgala başyna 1 halta un ýeňillikli bahadan satylsa, käwagt maşgalanyň her agzasyna 10 kilogramdan un satylýar.

“Döwlet dükanlarynda buhanka çörekleri arzan bahadan, ýagny 1 buhankanyň bahasy 50 – 75 teňňe aralygynda satylýar. Ýöne olary satyn almak üçin örän aç bolmaly, sebäbi çöregiň hili örän pes. Hususy pekarnylardan 3.5 – 4 manat aralygynda belli bir derejede has oňat hilli buhanka çöreklerini satyn almak mümkin” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, beýleki welaýatlarda un we çörek üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar has ýaramaz. Hususan-da, Mary welaýatynda bu şeýle.

Azatlygyň habarçysynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky gürrüňdeşine salgylanyp, maglumat bermegine görä, bu etrabyň çäginde ýerleşýän döwlet dükanlarynda un düýbünden ýok.

“Bu ýerde adamlar beýleki regionlardan un getirip, haltasyny 200 manatdan satýarlar. Unuň 50 kilogramlyk 1 haltasynyň döwlet bahasy 50 manat” diýip, habarçy belleýär.

Bu etrapda unuň hususyýetçilerdäki bahasynyň onuň döwlet bahasy bilen deňeşdireniňde 4 esse gymmatlamagy bilen, habarçynyň sözlerine görä, pekarnylar çörek bişirip satmagy bes etdiler.

“Bazarlarda çöregiň bahasy hiline we göwrümine görä 4 – 10 manat aralygynda” diýip, habarçy sözüne goşýar.

19-njy aprelde Azatlygyň hökümetdäki çeşmeleri Mary welaýatyndaky un gytçylygynyň Türkmenistanyň silden ejir çeken Owganystana ynsanperwer kömegini ugratmagy bilen baglydygyny aýdypdylar.

Şeýle-de şonda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aşgabatlylaryň käbirleriniň uny özleri üçin däl-de regionlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlary üçin satyn alýandyklaryny gürrüň beripdi:

"Ýurtda öndürilýän unuň hili örän ýaramaz. Aşgabatda käbirler uny özleri üçin däl-de, beýleki welaýatlardaky garyndaşlary üçin alýarlar. Daşary ýurtly unuň bir kilogramynyň bahasy öndürilen ýurduna we hiline görä, 10-25 manat aralygynda" diýip, ol gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurtdaky un ýeter-ýetmezçiligi we munuň bilen baglylykda ýerli ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG