Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Loýa Jirga ok atyşyklary bata-bat bes etmäge çagyrýar


Owgan prezidenti Aşraf Gani. Kabul. 3-nji maý, 2019 ý.

Owganystanyň paýtagty Kabulda Loýa Jirga mejlisi – ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagy tamamlanyp, oňa gatnaşyjylar 18 ýyl bäri dowam edip gelýän konfliktiň soňlanmagyny golaýlatmak üçin, ok atyşyklaryň dessine bes edilmegine çagyrdylar.

3 müň 200 töweregi wekil Kabulda, ýokary howpsuzlyk ýagdaýynda, dört günläp ýygnak geçirip, “Talyban” jeňçi topary bilen parahatçylyk ylalaşygyna gelmek boýunça umumy garaýyşy tapmak ugrunda maslahatlaşdylar.

Döwletiň eýeçiligindäki “RTA World” neşiriniň maglumatyna görä, Loýa Jirga tussaglary çalyşmak we Owganystanda “Talybanyň” edarasyny açmak barada hem çagyryş edipdir.

Owgan prezidenti Aşraf Gani Loýa Jirganyň ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşy boýunça “açyk we kanuny talaby berjaý etmäge taýýardygyny” aýtdy. Şol bir wagtda, ol munuň “diňe bir taraply bolup bilmejekdigini” hem belläp geçdi.

Loýa Jirga parahatçylyk prossesinde – halkara jemgyýetçiliginiň howandarlygy esasynda – Kabulyň merkezi rol oýnamalydygyny hem nygtady. Mundanam başga, Owganystanda adam hukuklarynyň, şol sanda aýallaryň hukuklarynyň hem goralmalydygy aýdyldy.

Käbir oppozisiýa syýasatçylary prezident Aşraf Ganiniň hökümetiniň ýygnagy çagyrmak boýunça özlerine sala salynmandygyny aýdyp, mejlisi boýkot etjekdiklerini duýdurypdylar. Ýygnaga gantaşmakdan ýüz öwrenleriň arasynda Owganystanyň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullah hem bar.

Şol bir wagtda, owgan jemgyýetinde “Talyban” bilen mümkin parahatçylyk ylalaşygy boýunça käbir aladalar hem bar. Owganlaryň bir bölegi yslamçy jeňçileriň häkimiýeti ele geçirip, soňy bilen-de aýallaryň hak-hukuklary, media azatlygy, kanuny prossesler ýaly gazanylan üstünlikleri ýok etmek ähtimallygyna howatyrlanma bildirdiler.

Ýygnaga gatnaşyjylaryň aglabasy owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda ok atyşyklary bes etmek boýunça bata-bat ylalaşygyň baglaşylmalydygyny aýtdylar.

“Bu uruş – hemişelik parahatçylyk ylalaşygy baglaşylmazdan ozal – diňe iki tarapyň-da söweş hereketlerini bes etmegi netijesinde tamamlanyp bilner” diýip, komitetiň başlyklarynyň biri Abdul Hannan aýtdy.

“Her gün owganlar hiç hili sebäpsiz öldürilýärler. Öňünden hiç hili şert goýmazdan ok atyşyklary bes etmek ylalaşygy yglan edilmelidir” diýip, ýene bir komitetiň başlygy Mohammad Kureşi belledi.

“Talybanyň” wekilleri owgan hökümetini Günbataryň oýnatgysy atlandyryp, häzire çenli olar bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwrüp gelýärdiler. Mundanam başga, jeňçiler Kabulda gepleşiklere başlamazdan ozal, ýurtdaky ähli daşary ýurtly güýçleriň çykarylmalydygyny aýdýarlar.

ABŞ Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine tälim we ýardam bermek üçin bu ýurtda özüniň 14 müň töweregi esgerini saklaýar.

Häzirki wagt “Talyban” ýurduň ýarpysyna diýen ýaly gözegçilik edýär.

Bu aralykda, “Talyban” Katarda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen ençeme tapgyr gepleşikleri geçirendigine garamazdan, özüniň ýazky hüjümlerine başlaýandygyny yglan etdi.

ABŞ we “Talyban” 18 ýyllyk urşy tamamlamak barada ylalaşsalar-da, jeňçiler owgan syýasatçylary, taýpa kethudalary bilen hem özara dil tapmaly bolarlar.

Loýa Jirganyň soňky ýygnagy 2013-nji ýylda geçirilipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG