Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Uçar biletleriniň gymmatlamagy dollaryň kursuna bagly


"Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletlerini satýan edarasy, Aşgabat (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň häzir gymmatlamagyna walýuta kursy täsir ýetiripdir.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri üýtgewsiz galýan bir dollara 3.5 manat möçberindäki resmi kurs gara bazardakysyndan şu günki gün bäş ýarym esse pes.

"Biz türkmen howa ýollaryna maliýe goldawyň berilýändigini we girdejili kärhana däldigini bilýäris. Mälim bolşuna görä, ýurduň raýatlaryna biletler manada satylýar, şol bir wagtda-da daşary ýurtlular dollarda satyn almaly bolýarlar. Şeýlelikde, dollaryň resmi we gara kurslarynyň arasyndaky tapawudy sebäpli türkmenler üçin biletler has arzan düşýärdi. Meselem, Stambula uçar bileti 3 müň manada durýardy. Hakyky kurs boýunça bu 160 dollara barabar. Emma daşary ýurtlylar biziň howa kompaniýamyzyň üsti bilen bilet satyn aljak bolsa, ol 800 dollar tölemeli" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan hökümete ýakyn çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanda amerikan dollarynyň gara bazardaky nyrhy 3-nji maýda Aşgabatda 19 manat töwereginde boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň bahasy, meselem Aşgabat-Moskwa aralygynda 4 338 manada barabar. Resmi kursdan bu 1240 amerikan dollaryna barabar bolýar. Üstesine, bilet açyk satuwda tapdyrmaýar. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, araçylar arkaly satyn almak üçin paranyň möçberi 50 dollardan başlanýar.

2-nji maýda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň iki esseden gowrak gymmatlandygy barada habar berdi. Maglumata görä, Aşgabatdan Stambula uçar biletiniň bahasy 3 müň manatdan 7 müň manada çenli galypdyr. Resmi kursdan hasap edilende bu 2000 müň amerikan dollaryna barabar bolýar.

Azatlyk Radiosy "Türkmenhowaýollarynyň" Aşgabatdaky baş edarasyndan resmi maglumat alyp bilmedi, emma kompaniýanyň Orsýetiň Sankt Peterburg şäherindäki bölüminde biletleriň gymmatlamagynyň adaty bir ýagdaýdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar, emma biletleriň gymmatlamagy bilen bagly häzirki ýagdaýa degişli maglumat bermekden saklandylar.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerde söhbetdeş bolan çeşmämiziň bellemegine görä, Türkmenistana uçar gatnadýan daşary ýurtly howa kompaniýalar öz biletlerini diňe dollara satýarlar.

"Bellemeli ýeri, daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda "Turkish Airlines" we "S-7" öz biletlerini hemmä deň dollara satýarlar. Şonuň üçin türkmenistanlylar öz milli kompaniýasyndan bilet satyn alýardylar. Indi bolsa bahalar daşary ýurtly kompaniýalaryňky bilen deňleşdi. Meselem, "Turkish Airlines" şirketiniň biletleri 350-400 dollara durýar, emma olary hem tapmak kyn bolýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistandan daşary ýurtlara uçar gatnadýan halkara reýslere biletleriň gymmatlamagyndan daşary, ýurduň daşyna gitjek bolýan ýolagçylaryň uçardan düşürilmegine degişli ýagdaýlar hem dowam edýär. Aşgabadyň halkara aeroportunda günde onlarça adam, köplenç sebäbi düşündirilmezden migrasiýa gullugy tarapyndan uçardan düşürilýär.

"Türkmenhowaýollary" Türkmenistanyň ýeke-täk howa kompaniýasy bolup, döwletiň gözegçiliginde saklanýar. Käbir synçylar halkara reýslerine uçar biletleriniň gymmatladylmagynyň sebäbini häkimiýetleriň ýurt ilatynyň daşary ýurtlara migrasiýasyny azaltmak boýunça tagallalary bilen baglanyşdyrýarlar.

"BiIetleriň gymmatladylmagy diňe bir kommersiýa bagly karar bolman, eýsem häkimiýetleriň raýatlaryň ýurduň daşyna gitmegine päsgel bermek synanyşygy bilen hem bagly. Bahalaryň gymmatlamagy adamlaryň ýurduň daşyna gitmegini belli bir wagt aralygynda çäklendirer, emma adamlar soň pul ýygnarlar, bahalara öwrenişerler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmenistanly söhbetdeşimiz aýtdy.

2017-nji ýylyň mart aýynda türkmen hökümeti "Türkmenhowaýollarynyň" eýeçilik formasyny üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça kararyny yglan etdi.

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda "Türkmenhowaýollary" täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna berildi.

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, kompaniýanyň işine ýurduň ýolbaşçylaryna ýakyn adamlar gözegçilik edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG