Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TSTB monopoliýasy bazar kärendeçilerini telekeçilikden gysyp çykarýar


"Gündogar" bazarynyň işgäri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň bazarlaryň içinde gurýan uly göwrümli söwda nokatlary Aşgabadyň bazarlarynda kärendesine işleýän söwdagärleriň köpçülikleýin işsiz galmagyna alyp gelýär.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonim şertde gürleşen bazar telekeçiler mundan öň adamlaryň öz mellek ýerlerinde öndüren önümlerini bazara getirmeklerine çäklendirmegirizilip, Senagatçylar birleşiginiň ýyladyşhanalarynda öndürilen önümlere giň ýol açylýandygyny habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, Senagatçylar birleşiginiň önümleriniň hili hususy mellek ýerlerinde öndürilen önümleriň hilinden pes bolmasa, gowy däl.

Senagatçylar we telekeçiler birleşigi Aşgabadyň “Mir bazaryndaky” et dükanlarynyň birini boşatdyryp, ony öňki eýeleriniň elinden aldy, bazarda gök, miwe satylýan tekjeleriň bolsa 20-den gowragyny ýykdyryp, onuň ýerinde uzynlygy 22-24 metr, ini 12-14 metr çemesi jaý saldy” diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Onuň bilen gürleşen öňki söwdagärleriň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý bazar adminstrasiýasy bilen şertnamasy bolan 40-a golaý kärendeçi-satyjynyň öz işini bes etmegine getirýär.

Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň “Teke bazarynda” hem şeýle ýagdaýyň gaýtalanýandygyny, ol ýerde hem Senagatçylar birleşiginiň öz önümlerini satmak üçin jaý gurýandygyny habar berdi. Bu ýagdaýyň hem ozal bazar adminstrasiýasy bilen şertnama baglaşan satyjy-kärendeçileriň onlarçasyny işsiz goýjagy aýdylýar.

Bize siz söwda edýän ýeriňizi ýitirdiňiz diýýärler, biziň ýerimize gelýän adamlaryň hememsi Senagatçylar birleşiginiň öz adamlary” diýip, radioynyň söhbetdeşi aýtdy.

Aşgabat şäherinde täzeden gurlan “15 ýyl abadançylyk”lomaý söwda bazary, “Sumbar bazar” ýada “100 fontan” bazary, “Bereketli” we “Bereketli -1” bazarlary hem TSTB-niň balansynda durýar, ozalky Jygyllyk, “Altyn asyr gündogar bazary” diýilýän hem şu guramanyň eýeçiliginde diýip, işini ýitiren kärendeçileriň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Metbugatda kiçi telekeçilere goldaw berilýär-beýleki diýýärler, emma hakykatda, TSTB-niň monopoliýasy kiçi telekeçileri bazardanam, durmuşdanam gysyp çykarýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

TDH-nyň 15-nji fewralda beren maglumatyna görä, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan maldarçylyk toplumlary TSTB-niň agzalarynyň hususy eýeçiligine berildi, bu gurama ozal bina edilýän desgalaryň potratçysy bolup durýardy.

Neşiriň maglumatyna görä, bu çäre ýurtda “telekeçiligi kämilleşdirmek we durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen” görülýär.

Mundan öň, has anygy 23-nji ýanwarda Senagatçylar we telekeçiler birleşigine oba hojalyk önümlerini we beýleki önümleri öndürmek üçin8 müň 583,35 gektar ýer bölünip berildi. Ondan öň, 2018-nji ýylyň iýulynda bu gurama birden döwlet serişdelerine gurlan “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň hem eýesine öwrüldi.

Bulardan başga, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mart aýynda Senagatçylar birleşigine ýokary tizlikli awtomobil ýoluny we Lebapda kaliý kombinatyny gurmak üçin 3 mlrd dollar möçberinde kredit bermek kararyna gol çekdi.

Türkmenistanda özüni ödemeýän kärhanalaryň we desgalaryň hususy eýeçilige berilmegi, kärende ýerleriniň we orunlarynyň ýitirilmegi netijesinde işini ýitiren adamlaryň sany, olary gaýtadan işe ýerleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda anyk maglumatlar çap edilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG