Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin zorlugyň pidalaryny ýatlamak gerek we "zorluk" näme?


Medisina kollejiniň öldürilen 20 ýaşly studenti Burulaý Turdaaly gyzy. Ony nikalaşmak maksady bilen alyp gaçmak isläpdirler.

27-nji aprelde Gyrgyzystanda zorlugyň pidasy bolanlaryň hatyra gününi geçirmek teklip edildi. Hatyra güni nämä gerek we zorluk näme?

Şol güni ähli aýallar, gyzlar hem çagalar öý şertinde zorlukdan ölenler – zorlananlar, mejbury nikalaşmak üçin alnyp gaçylanlar ýatlanyldy. Bu görnüşdäki sütemiň ähli «zorluk» sözüniň manysyna girýär.

«Zorluk» gyrgyz dilinde «zorlugy hem mejbur etmegi», ýagny gelinligi alyp gaçmagy aňladýar. Öň öýlenýän ýigidiň hereketini örtmek üçin «alyp gaçmak» manysyny aňladýan ol söz ХХ asyrda öz manysy üýtgetdi. Bu barada sowet etnografy F.A. Filstrup 20 – 30-njy ýyllarda barlag geçirip, gowy maglumat galdyrypdy. Ol şol döwürlerde «zorluk» hem «alyp gaçmak» sözleriniň tapawudynyň bardygyny belläpdi; «zorluk» birini güýç ulanyp gizlemek bolsa, «alyp gaçmak» eger gelinligi hossarlary başga birine çykarjak bolsa, halaşýanlaryň gaçmagyny aňladypdy. K.K. Ýudahiniň sözlüginde hem takyk «zorluk» «gelinligi zor bilen alyp gaçmagy» aňladýar.

K.K. Ýudahiniň Gyrgyzça-rusça sözlüginde «Zorluk» sözi hem onuň manysynyň açylyşy.
K.K. Ýudahiniň Gyrgyzça-rusça sözlüginde «Zorluk» sözi hem onuň manysynyň açylyşy.

Gynansak-da, bu düşünjeleriň diňe bir çalşygy däl, bularyň bary ýuwaş-ýuwaşdan özgerdi. 8-nji Mart – aýallaryň öz hak-hukugy ugrundaky göreşiniň mysaly hökmünde bellenýärdi, soň ol aýallara gül gowşurmak hem olaryň baýramçylygyna öwrüldi. 9-njy Maý 2-nji Jahan urşunda wepat bolanlaryň hatyra hem ýaraşyk güni hökmünde girip, soňra şatlyk hem buýsanç hatyradan has ýokary geçdi. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň güni bolsa nobatdaky çagalar baýramçylygyna, olara sowgatlar gowşurmak hem gezelençler çäresine öwrüldi.

Şeýlelikde, uruş bilen baglanyşykly ähli hasratlar, onuň getiren heläkçiligi, aýallaryň hem çagalaryň üstünden ýöredilýän zorluk baýramçylyga öwrülmelimi? Eýsem ol günler hatyra hakydasy bilen bagly bolmaly dälmi?

Psihologlar amneziýa – ýadyň ýitmegi bilen häli-şindi ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu ýerdäki hakydanyň -aňyň ýitmegi fiziki sarsgyn bilen bagly däl, ol psihologiki häsiýete eýe. Urşy gahrymanlaşdyrmak, aýallaryň hem çagalaryň hukugyny goramaga derek ony baýram etmek, ol tene düşen ýarany hasa bilen saramak däl. Ol sosializmiň gazan beýik üstünligi, beýik ýeňşiň gazanylmagy, aýallaryň hem çagalaryň deňhukuklygy hökmünde sowet propagandasynyň netijeleridi.

Sowetleriň soňky ýyllaryndaky şertler, şeýle hem maglumat çeşmeleriniň ýapyklygy sebäpli aýallar hem çagalar meselesi, urşuň netijeleri ýatlanman, şeýle baýramçylygy döredendir. Ýöne indi ol belli günlere başgaça garamaga zerurlyk ýüze çykýar. Hukuk goraýjylaryň hem aktiwistleriň şol baýramçylyk günleriniň asylky maksadyny diklemek ugrunda eden synanyşyklary netijesiz tamamlanýar. Şonuň üçinem kalendara 27-nji aprel ýa-da 27-nji awgust (Moskwadaky ýangynda bir gyzyň ölen güni) ýatlama hem hatyra güni hökmünde girizilýär.

«Rewolýusiýanyň göreşijisi» ýadygärligi. 27-nji aprel
«Rewolýusiýanyň göreşijisi» ýadygärligi. 27-nji aprel

Her bir zat üçin hakyda – ýat gerek. Şonuň üçinem mankurty – ýadyny ýitirenleri hojaýyny has aňsat dolandyryp bilýär. Gyzyň ýa-da çaganyň ölümi biziň mediamyz üçin heläkçilik. Bize bolsa jemgyýetde şeýle jenaýatyň bolmazlygyny hem onuň öňüniň alynmagyny başarmagy öwretmegimiz gerek.

Hakydanyň bolmazlygy ýa-da huşuňy ýitirmek – bular golaý düşünjeler. Olaryň ikisi-de şol bir netijäni berýär. Agyryny – yzany duýmak gerek. Ondan gaçmak hem howatyr etmegimiz üçin, tebigat bize agyry - yzany duýmagy beripdir. Munda hiç bir utanç ýa-da gelşiksiz zat ýok. Adama hakyda – ýat gerek, diňe hojaýyny mankurtyň yzadan gorkmagyny gazanyp bilýär. Yzadan gorksa, ony dolandyryp bolýar.

Eleri Bitikçi

Redaksiýadan: «Şahsy pikir» rubrikasynda berilýän material Azatlygyň garaýşyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG