Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un, çörek, kepek aladalarynyň arasynda türkmen gallaçylary oraga başlady


Ahal, bugdaý oragy. Arhiw suraty.

Türkmenistan galla oragyna başlady. Prezidentiň bellän senesine laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary 5-nji iýunda galla oragyna girişdiler, Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri ýurduň ilatynyň ыфкз уеоул gallasyny öndürmäge çalyşýar.

Emma daýhanlar döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň uzak ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz galmagy, ýerleriň şorlugy, dökün, suw we tehnika ýetmezçiligi zerarly, planlaşdyrylýan hasyly almagyň ýylyň-ýylyna kyn düşýändigini aýdýarlar.

Geçen ýyl Türkmenistanda gurakçylyk boldy we bu ýagdaý bugdaý hasylynyň garaşylyşyndan has pes bolmagyna alyp geldi.

Bu ýagdaýy soňra ýerli unuň we mal iýminiň ýetmezçiligi, uly nobatlar hem tassyklady. Emma ýurduň prezidenti azyk bolçulygynyň döredilendigini, üstesine, Türkmenistanyň bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigini aýdýar.

Ýerlerden gowuşýan maglumatlara görä, bu ýyl aprel we maý aýynda ýagan dowamly ýagyş arpa-bugdaý hasylyna agyr zarba urdy. Ýöne türkmen metbugaty ýurtdaky tebigy hadysalar barada maglumat bermeýär.

Şu ýyl türkmen gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy planlaşdyrýarlar.

Resmi maglumatlardan belli bolşy ýaly, şu ýylda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy.

TDH-nyň anyklaşdyrmagyna görä, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, azyklyk bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2 esse ýokarlandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG