Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby serkerdesi amerikan goşunlary güýçlendirilenden soň Eýranyň yza tesendigini aýdýar


General Frank MakKenzie. Arhiw suraty
General Frank MakKenzie. Arhiw suraty

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby serkerdesi golaýda bu sebitdäki amerikan harby güýçleri kuwwatlandyrylandan soň, Tähranyň Pars aýlagyndaky ABŞ güýçlerine hüjüm etmek meýlinden yza çekilendigini, emma Tährandan abanýan wehimiň “örän real” bolup galýandygyny aýdýar.

General Frank MakKenzie 6-njy iýunda Tähran görnetin hüjüm taýýarlyklaryndan soňra “yza çekilmek we täzeden hasaplamak” ugruny saýlap aldy diýdi. Emma ol özüniň şindi hem Eýranyň mümkin bolan argessiýasyndan alada galýandygyny aýtdy.

"Men hakykatda bu howp azalandyr öýtmeýärin. Men bu howpuň örän hakykydygyna ynanýaryn” diýip, MakKenzie Bagdatda, bu sebite sapary mahalynda özüniň ýanynda bolan üç žurnalist bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň başlygy MakKenzie, Eýrandan abanýan howp-hatarlara garşy goragy güýçlendirmek üçin, bu sebite ABŞ-nyň goşmaça güýçleriniň getirilmek ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.

MakKenzie Pentagonyň Eýrandan nähili hüjüme garaşandygy barada anyk detallary howpsuzlyk sebäpli mälim etmedi.

Birleşen Ştatlary Eýran bilen güýçli döwletleriň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen möhüm ýadro ylalaşygyndan 2018-nji ýylyň maý aýynda el çekenden soň Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar ep-esli ýaramazlaşdy.

Şondan soň Waşington Eýrana garşy girizilen sanksiýalary täzeden dikeltdi, ritorikasyny güýçlendirdi we Ýakyn Gündogardaky harby güýjüni berkitdi.

“Meniň pikirimçe bu eýranlylaryň biraz yza tesmegine getirdi, ýöne men olaryň strategiki taýdan yza tesýändigine doly ynamym ýok” diýip, MakKenzie aýtdy.

Ol Eýrana “gereksiz” meçew bermezden oňa “gorky salmaga” regionda Birleşen Ştatlaryň ýeterlik güýjüniň bardygyny aýtdy.

“Biz bu ýagdaýa erk etmek üçin işleýäris”

“Olar elmydama ejizlik gözleýär” diýip, MakKenzie aýtdy.

“Biz özümiziň goranyş kuwwatymyzy güýçlendirýändigimizi eýranlylara görkezmek üçin çäreleri gördük” diýip, ol sözüne goşdy.

Muňa garamazdan, wezipä girişeli bäri Tährana ýowuz çemeleşen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp soňky wagtlarda Eýranyň liderleri bilen duşuşmaga isleginiň bardygyny beýan etdi.

Fransiýada geçirilen “D gününi” hatyralamak dabaralaryna gatnaşan Tramp fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň ýanynda eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň sanksiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine agyr zarba urýandygyny aýtdy we munuň Tährany gepleşige höweslendirmeginiň mümkindigini belledi.

“Eger olar gepleşmek iselese, bu oňat. Biz gepleşeris” diýip, Tramp aýtdy.

Eýranyň ýokary lideri Aýatulla Ali Hamaneý 5-nji iýunda eden çykyşynda Tähranyň Trampyň gepleşik teklibine “aldanmajakdygyny” aýtdy hem-de özleriniň raketa programmasyndan el çekmejekdigini mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň administrasiýasy Tährany ýadro ýaraglary güýçlendirmäge synanyşmakda aýyplaýar hem-de onuň ballistik raketa programmalarynyň şol maksatlardan ugur alýandygyny aýdýar.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň diňe asuda maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG