Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Coca-cola Türkmenistan' önüm öndürmeýär, işgärleriniň aýlygyny gijikdirýär


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda gazly içgileri öndürýän "Coca-Cola Türkmenistan" kompaniýasynyň zawody öz işini henizem gaýtadan dikeltmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şeýle-de kärhananyň işgärlerine aýlyklar gijikdirilip berilýär.

- "Coca-Cola" zawody henizem işlemeýär, önüm çykarmaýar. Işgärleriň aýlyklaryny gijikdirýär. Henize çenli salgytlara degişli käbir meseleleriň kadalaşdyrylmandygyny aýdýarlar - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bu şirkete ýakyn çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Onuň sözlerine görä, kompaniýanyň işini dikeltjeginiň özi-de sorag astynda galýar.

- Baş kampaniýa tarapyndan çynlakaý dawa edilmezligi üçin bu kärhanany häzirlikçe ýok etmeýändiklerine hemmeler göz ýetirýär- diýip, habarçymyz belleýär.

Azatlyk Radiosy "Coca-Cola Türkmenistan" şiketiniň eýesi Türkiýäniň "Coca-Cola İçecek" kompaniýasyndan kommentariý almaga synanyşýar.

"Coca-Cola Türkmenistan" öz işini 2017-nji ýylyň dekabr aýynda bökdäpdi. Şonda Azatlygyň ygtybarly çeşmeleriň, gizlinlik şertlerde aýtmaklaryna görä, kompaniýa öz işlerini bökdemegi bilen bir wagtda önümçilikde işleýän işgärleriniň bir bölegini işden boşadypdy.

Türkiýäniň "Coca-Cola İçecek" kompaniýasynyň wekili Aleksandra Akkirman şol ýagdaýlar barada 2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kompaniýanyň Türkmenistanda walýuta çalşygyna degişli käbir kynçylyklary başdan geçirýändigini, şu sebäpden onuň işiniň bökdelendigini aýdypdy. Emma ol şonda "Coca-Cola Türkmenistan" kompaniýasynyň işiniň doly bes edilmegi barada gürrüň edilmeýändigini belläpdi.

​Türkmenistanda "Coca-Cola" önümlerini çykarýan kärhana Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýär.

2016-njy ýylyň başynda nagt walýuta çalyşygyny gadagan eden Türkmenistan şondan bäri telekeçileriň walýuta çalyşmak mümkinçiliklerini ençeme gezek çäklendirdi. Merkezi Bankyň bir amerikan dollaryna 3,5 manat möçberinde kesgitlän resmi kursuny dört ýyldan gowrak wagtyň dowamynda üýtgewsiz saklamagynyň fonunda gara bazarda amerikan walýutasy bäş esse gymmat satylýar.

2019-njy ýylyň fewral aýynda "Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili aradan çykdy. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, 50 ýaşly Göktug Gözitok öz janyna kast edipdir.

Türkiýäniň "Hürriet" gazetinde nekrolog ýerleşdiren "Coca-cola Içeсek" kompaniýasy ýagdaý barada kommentariý bermekden saklandy. Käbir maglumatlarda, "Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiliniň kompaniýanyň ýurtda alyp baran işlerine degişli maddy problemalarynyň dörändigi öňe sürüldi.

2017-nji ýylyň sentýabrynda "Coca-Cola Türkmenistan" kompaniýasy "LG International Corp" kompaniýasy bilen bilelikde "Aşgabat-2017" halkara sport çäresine baş sponsor bolupdy.

Kompaniýanyň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän “Coca-Cola Türkmenistanyň” 2009-njy ýylda Coca-Cola İçecek kompaniýasynyň eýeçiligine geçip, 350 adamdan gowrak işgärine eýe bolan bir zawody bilen 6 million adamy üpjün edendigi habar berilýär. Önümleriň sanawy Bonaqua, Coca-Cola, Coca-Cola zero, Fanta we Sprite ýaly önümleri öz içine alýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün Türkmenistanda “Coca-Cola" kompaniýasynyň Dubaýda, Özbegistanda we Eýranda öndürilen önümleri satylýar. Hususan-da, 1,5 litrlik önümiň bahasy ortaça 30-35 manada satylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG