Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar


Aşgabadyň Teke bazary, maý, 2019

Aşgabadyň bazarlarynda nyrhlar häkimiýetler tarapynda resmi taýdan kesgitlenýärkä iş ýüzünde durnuksyz bahalar saklanýar. Çöregiň, gök önümleriň, miweleriň we süýt önümleriniň bahasy üýtgäp durýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bazarlaryna aýlanyp şu günki nyrhlar bilen gyzyklandy.

Aşgabadyň Teke bazarynda 14-nji iýunda azyk önümleriniň ortaça bahalary şeýle:

  • Çörek - 2-6 manat aralygynda.
  • Mesge ýagy - 35 manat.
  • Süzme - bir kilogramy 12 manatdan.
  • Pomidor - bir kilogramy 7 manatdan.
  • Hyýar - bir kilogramy 7 manatdan.
  • Käşir - bir kilogramy 3 manatdan.
  • Sogan - bir kilogramy 2 manatdan.
  • Kartoşka - bir kilogramy 4 manatdan.
  • Garpyz - bir kilogramy 4 manatdan.
  • Erik - bir kilogramy 5 manatdan.
  • Alma - bir kilogramy 8 manatdan.
  • Ülje - bir kilogramy 15 manatdan.

Mundan bir aý ozalky nyrhlar bilen deňeşdirilende pomidoryň, hyýaryň bir kilogramynyň bahasy bir manat möçberde, soganyň bahasy 0,5 manat gymmatlapdyr. Kartoşka bir manat arzanlapdyr, almanyň bahasy iki esse pese gaçypdyr.

Türkmenistanyň bazarlarynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda goşa nyrhlar saklanýar. Azyk önümleri häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen bahalardan has gymmat satylýar. Söwdagärleriň sözlerine görä, kesgitlenen resmi bahalar girdeji getirmän, söwdanyň manysyny gaçyrýar. Geçen ýylyň güýzünde häkimiýetler bazarlardaky nyrhlara gözegçiligini güýçlendirip, resmi taýdan görkezilen bahalardan haryt satdyrmak üçin söwdagärlere basyş görkezdi.

Iýun aýynyň başynda Aşgabadyň bazarlarynda bazar administrasiýalary harytlaryň bahalaryny görkezýän nyrhnamalary asyp başlady, ýöne bu resmi bildirişlerde harytlaryň ençemesiniň bahasy hakyky bahalardan pes görkezildi.

Munuň bilen bir wagtda-da, ýurduň döwlet dükanlarynda häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan satylýan un, pagta ýagy, tüwi we şeker ýaly azyk önümleriniň ilat üçin elýeterliligi çäklendi hem uly nobatlar döredi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG