Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlaryna Nyrhnamalar asyldy, onda iýmit önümleriniň bahalary görkezilýär, ýöne...


Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda iýmit önümleriniň bahalaryny görkezýän Nyrhnama. Aşgabat, 2019-njy ýylyň iýun aýy

Aşgabadyň bazarlarynda bazar administrasiýalary harytlaryň bahalaryny görkezýän nyrhnamalary asýar, ýöne satyjylar käbir harytlary görkezilen bahadan gymmada satýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 4-nji iýunda habar berdi. Habarçy bazarlardaky azyk harytlaryň soňky bahalaryny öwrendi.

“Sygyr etiniň 1 kilogramy hususy söwdada 29 manada durýar, ýöne bazarlarda onuň kesgitlenen bahasy 25 manat. Tüwi satyn aljak bolsaň, onuň nyrhnamadaky bahasy 15 manat diýip görkezilen-de bolsa, satyjy onuň 20 manada durýandygyny aýdýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynda ýerleşýän nyrhnamanyň suratyny ugratdy. Onda iýmit önümleriniň bahalary we suratlary görkezilýär.

Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda goýlan Nyrhnama. Aşgabat, 2019-njy ýylyň iýun aýy
Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda goýlan Nyrhnama. Aşgabat, 2019-njy ýylyň iýun aýy

Nyrhnamanyň ýüzünde “Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Gülüstan” döwlet söwda merkeziniň azyk harytlarynyň Nyrhnamasy” diýlen ýazgy bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bazaryndaky käbir harytlaryň bahalaryny ugratdy:

Süýt, 1.5 litr – 4 manat, Çörek – 2 manat, Täze kartoşka – 6 manat, Düýp sogan, 1 kilogramy – 3 manat, Ýaşyl sogan, bogdajygy – 2 manat, Pomidor – 7 manat, Hyýar – 3 manat, Tüwi, 1 kilogramy – 15 manat, Şeker - 7 manat, (hususy söwdada şeker 12-13 manat), Sygyr we goýun eti – 30-35 manat

Azatlyk Radiosy 31-nji maýda Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde döwletiň kesgitlän nyrhyndan çäkli möçberde şeker, tüwi we ösümlik ýagyny satyn almak üçin onlarça adamyň nobata durýandygyny habar berdi.

“Dükanlaryň arka taraplarynda nobata durýan adamlaryň sany 100-e ýetýär. Olaryň arasynda eli çagaly eneler, gartaşan adamlar we aýallar, ýaşlar we çagalar hem bar. Olar ir säherden nobata durup başlaýarlar. Şekeri, tüwini we ösümlik ýagyny dükanlaryň arka tarapyndaky gapylardan satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren paýtagtdaky habarçylarynyň biri 31-nji maýda gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde golaýda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan wideo ýazgylarda döwlet dükanlarynyň öňünde duran uzyn nobatlar görkezilýär.

Şeýle-de maýyň aýagynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň tüwi we şeker gytçylygy barada habar berdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, tüwi adam başyna 3 kilogramdan satylýar. Onuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 8 manat. Şeker her adam başyna 1 kilogramdan satylýar, onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 7 manat. Aýdylmagyna görä, hususy söwda nokatlarynda 1 kilogram tüwi 20 manatdan, şeker 12 manatdan satylýar.

Beýleki tarapdan habarçylar döwlet dükanlarynda satylýan 1 kilogramy 7 manatlyk şekeri 9 manatdan satyn alandygyny aýdýan adamlara duş gelýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan bir wideoda döwlet dükanlarynda tüwiniň, şekeriň we ösümlik ýagynyň söwdasy togtadylandan soňra, dükanyň arka tarapyndaky gapysyndan bu azyk harytlarynyň, şeýle-de towuk ýumurtgasynyň usullyk bilen çykarylyp, başga ulaglara ýüklenip alnyp gidilýändigini hem görse bolýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanlaryň öňündäki nobatlar barada bu ministrligiň özünden maglumat alyp bilmedi.

Şol bir wagtyň özünde Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän uzyn nobatlaryň fonunda, paýtagtyň bazarlarynda käbir harytlaryň bahalarynyň gymmatlaýandygy barada 31-nji maýda-da habar beripdi. Olar harytlaryň hiline-de ünsi çekýärler.

“Import edilen towuk aýagynyň 1 kilogramy 10 manada durýar. Mundan öň onuň bahasy 8 manada barabardy. Munuň üstesine-de, satyn alnan 1 kilogram towuk etiniň gapdalyndan 120 gram çemesi buz çykdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän wagty, türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal halka mugt berilýän elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň, duzuň we käbir hyzmatlaryň ýeňillikli üpjünçiligini ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG