Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirligi Aşgabatda ilatyň iş üpjünçiliginiň täsirlerini maslahat etdi


Illýustrasiýa suraty. Bal satyjysy
Illýustrasiýa suraty. Bal satyjysy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Terrorçylyga garşy göreş bölüminiň wekiliýeti bilen Aşgabatda duşuşyk geçirip, işsizligiň jemgyýete ýaramaz täsirlerini maslahat etdi.

“21-nji iýunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde BMG-niň Kontr-terrorçylyk müdirliginiň (KTM) taslamalaryň durmuşa geçirilmesiniň sazlaşmasy boýunça bölüm başlygy Kristofer O.Donnelliň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi” diýip, Birleşmäniň resmi websaýty habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň zähmet üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň çözülmeginiň jemgyýetiň durmuşyndaky “ýaramaz hadysalara garşy durmaklygyň” sebäpleriniň biri bolup durýandygy hakynda pikir beýan edipdirler.

Eýsem, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda ilatyň zähmet üpjünçiligi bilen jemgyýetiň durmuşyndaky haýsy ýaramaz hadysalaryň arasynda arabaglanyşyk gurýar? BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň wekiliýeti işsizlik meselesini çözmek arkaly öňi alynmaly ýaramaz hadysalaryň arasynda “terror hadysalaryny” hem göz öňünde tutýarmy? Bu soraglaryň jikme-jik jogaplary barada duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan kommentariý almak mümkin däl.

Birleşmäniň habaryndan mälim bolşuna görä, Aşgabatda geçirilen duşuşykda BMG-niň wekilleri Türkmenistanda täze iş ýerlerini döretmekde TSTB-niň oýnaýan roluna-da baha beripdir.

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda ilatyň iş üpjünçiligini kämilleşdirmek arkaly jemgyýetde ýaramaz hadysalaryň öňüniň alynmagyň maslahat edilmegi, türkmen prezidentiň 14-nji iýunda “Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň iş üpjünçiligi iň uly problemalaryň biri bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda işsizligiň derejesi barada resmi statistikany köpçülige ýetirmeýär. Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, hususan-da, 2017-nji ýylda ýurtda işsizligiň derejesi 60% ýetipdir.

Galyberse-de, bu problemanyň adamlaryň eklenç gözleginde Türkmenistandan daşary ýurtlara köpçülikleýin çykmagyna getirýän sebäpleriň hataryndadygyny tassyklaýan maglumatlar bar.

Ýatlasak, maýyň aýagynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet edaralaryndaky üç çeşmesi soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1.9 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigini ýapyk statistika maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Synçylar Türkmenistanda raýatlaryň köpçülikleýin daşary ýurtlara gitmeginiň aňyrsynda ýatan esasy sebäpleriň hatarynda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň barha agyrlaşmagyny görkezýärler.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň döwlet emeldarlary we hökümet resmiler ýurtda ilatyň iş üpjünçiliginiň ýola goýulýandygyny aýdýarlar.

2019-njy ýyla geçip Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ilatyň iş bilen üpjünçilik portalyny işe girizdi, ýöne häzire çenli Türkmenistanyň ne döwlet metbugatynda, ne hökümete ýakyn habar saýtlarynda, ne-de garaşsyz habar serişdelerde bu onalýn platformanyň kömegi bilen iş tapýan adamlar barada habar berilmedi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem öz hödürleýän portalyny ulanmak arkaly näçe adamyň iş tapandygy barada resmi hasabat bilen çykyş etmedi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň habarynda ilatyň iş üpjünçiligini çözmek arkaly öňi alynmaly “ýaramaz hadysalaryň” jikme-jikligi aýdylmaýar.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri ýurtda işsizligiň artmagy bilen ogrulyk ýaly hadysalaryň artýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG