Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň, döwlet TW-si gowaça meýdanlaryna ýokary depginde ideg edilýändigi barada reportaž görkezdi


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat

Azatlyk Radiosynyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň pagtaçy daýhanlarynyň tehnika, dökün we suw ýetmezçiliginden kösenýändigi barada çap eden habaryndan bir gün soň, ýurduň döwlet telewideniýesi gowaça meýdanlaryna edilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda güýçli depginde toplumlaýyn alnyp barylýandygy hakda reportaž görkezdi.

2-nji iýulda “Altyn Asyr” telekanalynda görkezilen we 6 minutdan gowrak wideo reportažda Ahal we Mary welaýatlaryna degişlidigi aýdylýan gowaça meýdanlary, olarda hatarara bejergilerini geçirýän tehniki serişdeler görkezilip, ekinleriň dökün we suw bilen üpjünçiliginiň öz wagtynda geçirilýändigi aýdyldy.

“Ekerançylyk meýdanlaryna ýokary öndürijilikli bejergi traktorlarynyň ýeterlik möçberiniň jemlenmegi ekerançylara gowaçalary hapa-haşal otlardan arassalamak, gowaçalaryň hatararalaryny ýokary ýokary hilli bejermek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini utgaşykly alyp barmaklyga giňiş şertleri döretdi” diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, wideo reportažda Mary welaýatynyň şahsyýetleri köpçülige mälim edilmeýän oba hojalyk hünärmenlerine salgylanylyp, “gowaçalaryň hatarara bejergileriniň üç gezek geçirilendigi” bellenilýär.

“Meýdanlarda gowaçalary mineral hem-de mikro dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ekinlere ikinji, üçünji ösüş suwuny tutmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Welaýatda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alnyp berilýän oba hojalyk tehnikalaryň kömegi arkaly ähli agrotehniki idegleriň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi netijesinde bu gün bol hasyl toplaýan gowaçalar daýhanlaryň göwünlerini galkyndyryp, olaryň ekinlere edýän yhlas-aladasyny artdyrýar” diýlip, resmi medianyň habarynda nygtalýar.

Şol bir wagtyň özünde, 1-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan lebaply we daşoguzly daýhanlaryň onlarçasy özleriniň gowaça meýdanlarynyň gözgyny ýagdaýdadygyny gürrüň berdi.

“Gowaça eken daýhanlar tehnika bilen üpjün edilmeýär. Ekin meýdanlarynyň aglabasynda häzirki güne çenli diňe bir gezek hatarara bejergi işleri geçirildi. Müňlerçe gektar gowaça meýdany zerur oba hojalyk tehnikalary, dökün we suw bilen üpjün edilmeýär” diýip, habarçy pagtaçy daýhanlara salgylanyp gürrüň beripdi.

Şonda habarçy şeýle kynçylyklary, hususan-da, Daşogzuň Ýylanly, Ruhybelent we Görogly etraplarynyň hem-de Lebabyň Darganata we Dänew etraplarynyň kärendeçileriniň başdan geçirýändigini belledi.

“Döwlet oba hyzmat edarasynyň tehnika üpjünçiligi tas nola deň. Bu edaranyň işgärleri kärendeçilere hiç hili kömek berip bilmezliginiň sebäplerini “МТЗ 80” kysymly traktorlaryň tekerleriniň hatardan çykandygy bilen düşündirýärler. Olar tekerleriň her biriniň bahasynyň 25000 manada durýandygyny aýdyp, munuň üçin döwletde puluň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler.

Şol günler resmi media ýurtda gowaça ekişine badalga berlip, munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi barada reportažlar görkezen mahalynda, lebaply kärendeçiler oba hojalyk tehnikalarynyň üpjün edilmeýändiginden we ekişiň gijä galmagyndan kösenýändiklerini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylaryna gürrüň beripdiler.

“Aradan 10 gün diýen ýaly wagt geçdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly häkimiýetler ýene perwaýsyzlyk edýärler. Traktor ýetmeýär. Ekiş ýene gijä galýar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply daýhanlaryň biri aprel aýynda gürrüň beripdi.

Şeýle-de, şonda ýurduň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda hususy eýeçilikdäki traktorlaryň işe çekilýändigi, ýöne munuň üçin traktor eýelerine töleg tölenmeýändigi hem habar berildi.

24-nji martda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) şu ýylky pagta ekişi möwsüminde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýynyň, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýynyň, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragynyň peýdalanylýandygyny habar beripdi.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG