Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda zäherlenip ölendigi aýdylýan tussaglaryň garyndaşlary resmi düşündirişi sorag astyna alýarlar


Saodat Solehowa mehrum ogly Nekgadam Solehowyň telefondaky suratyny görkezýär.
Saodat Solehowa mehrum ogly Nekgadam Solehowyň telefondaky suratyny görkezýär.

Täjigistanda zaýalanan çöregi iýip ölendigi aýdylýan 14 tussagyň hossarlary munuň bilen baglylykdaky köpçülige ýetirilen resmi düşündirişe şübheli garaýarlar. Olar heläk bolan hossarlarynyň bedenlerinde şikesleriň we gök yzlarynyň bardygyny belleýärler.

“Onuň burny döwükdi. Onuň ýüzi tanar ýaly däldi” diýip, Saodat Solehowa Azatlyk Radiosyna 9-njy iýulda gürrüň berdi. Ol özüniň 34 ýaşly ogly Nekgadam Solehowyň bedeninde onuň gazaply ýenjilendigine güwä geçýän başga-da yzlaryň bardygyny sözüne goşdy.

Nekgadam Solehow täjik prokurorlarynyň 7-nji iýulda türme ulagynyň içinde iýmitden zäherlenip ölendigini aýdýan 14 tussagyň biridir.

Solehowa ekstremizm aýyplamalary esasynda 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen oglunyň jesedini 8-nji iýulda Duşenbäniň etegindäki Warzob obasynda jaýlady.

Solehow bilen bile ölendigi aýdylýan beýleki tussaglar hem gyssagarada jaýlanyldy.

Olaryň käbiriniň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, žurnalistlere merhumlaryň jynazasyna barmazlyk tabşyrylypdyr.

Hossarlaryň käbiri öz ýakynlarynyň bedenlerinde urgulara çalym edýän yzlaryň bolandygyny gürrüň berdiler. Olar resmileriň bu waka bilen baglylykdaky berýän düşündirişini soraga astyna alýarlar.

Merhumlaryň biriniň ejesi öz oglunyň “bedeninde abat ýeriniň galmandygyny” Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Resmi düşündirişe laýyklykda, 128 tussag Täjigistanyň demirgazygyndaky Sughd welaýatyndan ýurduň beýleki türmelerine äkidilip barýan pursady zäherlenipdirler.

Prokurorlar bir tussagyň beýleki 16 bendi bilen üç döwüm çöregi paýlaşandygyny we munuň zäherlenmäniň sebäbi bolandygyny aýtdylar. Mundan birnäçe sagatdan soň çöregi iýenler heläk bolupdyr; üçüsi hem aman galypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň Täjigistanyň türmelere gözegçilik edýän edarasy we beýleki degişli guramalary bilen habarlaşyp, tussaglaryň ölümi boýunça maglumatlary almak synanyşyklary netije bermedi.

Ölen tussaglaryň bedenlerindäki urgulara çalym edýän yzlar barada soralanda içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Umarjon Emomali “heläk bolan tussaglaryň garyndaşlarynyň hiç biriniň bu mesele boýunça ýüz tutmandygyny” aýtdy.

Täjik resmileri gümürtik ýagdaýda ölen tussaglaryň atlaryny, ýaşlaryny we doglan ýerlerini köpçülige mälim etdi. Emma, olaryň haýsy aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edilendigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Täjigistanyň Baş prokuraturasy tussaglaryň ölüm boýunça derňewiň geçirilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG