Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Goranmak ministrligi Russiýanyň S-400 ulgamynyň gelip başlandygyny aýtdy


Russiýanyň S-400 ýer-asman gorag ulgamy
Russiýanyň S-400 ýer-asman gorag ulgamy

Türkiýäniň Goranmak ministrligi Russiýanyň S-400 kysymly ýer-asman gorag ulgamynyň birinji tapgyrynyň 12-nji iýulda Ankara gelip gowşandygyny, şeýle-de öňümizdäki günlerde gelmegini dowam etjekdigini mälim etdi.

Ankaranyň Moskwa bilen bu baradaky ylalaşygy Türkiýe bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlylyklaryň döremegine sebäp bolupdy.

S-400 paýtagt Ankaranyň etegindäki Murted howa bazasyna eltildi diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Bu beýanatyň yzy bilen türk lirasy dessine öz hümmetini ýitirip, 5.6 dollardan 5.7 dollara çenli ýokarlandy.

“Ulgama degişli beýleki bölekler öňümizdäki günleriň içinde geler” diýip, Türkiýäniň Senagat direktoraty aýry beýanat bilen çykyş etdi.

Onda “ulgam doly taýýar bolandan soň, ol degişli resmiler tarapyndan kesgitlenen görnüşde ulanylyp başlanar” diýilýär.

Russiýanyň Harby we Tehniki Hyzmatdaşlyk boýunça Federal Gullugy ulgamyň ugradylyp başlandanygyny tassyklady diýip, Russiýanyň Ria habar agentligi maglumat berdi.

Waşington, eger NATO agzasy Türkiýe S-400 gorag ulgamyny satyn almak işini 31-nji iýula çenli goýbolsun etmese, Ankaranyň geljekki nesil F-35 söweş uçarlaryny satyn almakdan mahrum ediljekdigini aýdypdy.

Birleşen Ştatlar Türkiýäni muňa derek ABŞ-da öndürilen “Patriot” raketa ulgamyny satyn almaga çagyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen aý Osakada geçirilen G20 sammitiniň dowamynda türk prezidenti Rejep Erdogan bilen duşuşyp, Russiýanyň S-400 ulgamyny satyn almazlyk barada duýdurypdy.

Erdogan Tramp bilen duşuşygynda ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obamanyň Ankaranyň Patriot ulgamyny satyn almagyna rugsat bermändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG