Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sanksiýalar aýrylsa, gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti, eger-de ABŞ ykdysady sanksiýalaryny bes etse, onda Tähranyň Waşington bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu aralykda, Ýewropa liderleri Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky barha ýitileşýän dartgynlylyklary togtatmak ugrunda maslahat geçirdiler.

Prezident Hassan Rohani 14-nji iýulda telewideniýede eden çykyşynda haçanda Trampyň administrasiýasy “sanksiýalaryny we yrsaramagyny” bes etse, onda Tähranyň gepleşiklere taýýar boljakdygyny aýtdy.

Emma, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Rohaniniň bu teklibinden ýüz öwürdi. Ol “Washington Post” neşirine şeýle teklibiň ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obama (Barack Obama) we döwlet sekretary Jon Kerrä (John Kerry) hem edilendigini belledi.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlary Eýranyň we düýnäniň iri döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykypdy. Prezident Donald Trampyň administrasiýasy bu ylalaşygyň Tähranyň birnäçe ýylyň içinde ýadro ýaragyny edinmegine mümkinçilik berýändigini aýdyp, Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

Gadagançylyklar Eýranyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi.

Muňa jogap edip, Tähran uraniumy ylalaşykda göz öňünde tutulan derejesinden has köp öndürip başlajakdygy bilen haýbat atdy. Bu ABŞ-nyň has köp sanksiýalary girizmek ähtimallygyny ýokarlandyrdy.

Ýadro ylalaşygyna gol goýan beýleki taraplar, ýagny Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, şeýle-de, Russiýa we Eýran dokumente ygrarly bolup galdylar. Tähran ylalaşyga gol goýan üç günbatar ýurduny Eýranyň ykdysadyýetine ýeterlik derejede hemaýat bermezlikde tankytlady.

14-nji iýulda Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa “ähli taraplary asudalygy saklamaga we hereketleriniň mümkin netijelerini seljermäge” çagyrdylar.

Bu bilelikdäki beýanatdan öň, Parižde Bastilliýa Güni bellenilýän pursady fransuz prezidenti Emmanuel Makron Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we britan ministri Dawid Lidington (David Lidington) bilen gepleşikleri geçirdi.

“Biz jogapkärçilikli hereket etmäge, şeýle-de dartgynlylygyň ýolundan sowulyp, dialoga başlamaga wagtyň gelendigine ynanýarys” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şu aýyň başynda ABŞ Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife garşy hem sanksiýalary girizmegi hem göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi. Munuň netijesinde, käbir tankytçylar Waşingtonyň dialogy geçirmäge gyzyklanma bildirmeýändigini aýtdylar.

14-nji iýulda ABŞ resmileri Zarifiň BMG-niň şu hepde geçýän maslahatyna gatnaşyp bilmegi üçin, oňa ABŞ wizasynyň berlendigi mälim etdiler.

Pompeo Zarife wizanyň, esasan, ABŞ-nyň BMG-niň öňündäki borçmamalaryny ýerine ýetirmek jähtinden ugur alnyp berlendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG