Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa syýasatçysy Moskwanyň şäher Geňeşine geçirilmeli saýlawlardan çetleşdirildi


Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin
Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin

Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin Moskwanyň Saýlaw Komissiýasynyň ony paýtagtyň şäher geňeşine, ýagny şäher Dumasyna geçirilýän saýlawlardan çetleşdirmek baradaky kararyna şikaýat etjekdigine söz berdi.

Moskwanyň Krasnoselskiý munisipal etrabynyň başlygy Ýaşin bu barada özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol garaşsyz dalaşgärler tarapyndan geçiriljek gündelik ýörişlere gatnaşjakdygyny hem mälim etdi.

Ýaşiniň sözlerine görä, Komissiýa sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak üçin toplamasy zerur bolan 4 müň 500 golda ýalňyş maglumatlaryň bolandygyny aýdyp, onuň kandidaturasyny aýyrypdyr.

Ýaşin Komissiýanyň ony goldap gol goýanlaryň maglumatyny ýöriteläp ýalňyş görkezendigini aýtdy. Ýaşin öz tarapdarlarynyň maglumatlarynyň we gollarynyň dogrudygyny belläp ýazan hatlarynyň hem Komissiýa tarapyndan nazara alynmandygyny belledi.

Ýaşin Komissiýanyň netijesine şikaýat etjekdigini we Moskwanyň merkezindäki Trubnaýa meýdançasynda her gün geçiriljek ýörişlere hem gatnaşjakdygyny söz berdi.

15-nji iýulda garaşsyz dalaşgärleriň onlarçasy we olaryň tarapdarlary Komissiýanyň öz kandidatlaryny hasaba almagyny talap edip, Trubnaýa meýdançasynda ýöriş geçirdiler. Mundan öň, Komissiýanyň başlygy Walentin Gorbunow bilen geçirilmegi söz berlen duşuşyk ýatyrylypdy.

14-nji iýulda Gorbunowyň dalaşgärler bilen duşuşmagyny talap edilip geçirilen demonstrasiýa polisiýa tarapyndan gazaplylyk bilen dargadylypdy.

Şol gün Moskwanyň Saýlaw Komissiýasynyň binasynyň daşynda 25 demonstrant tussag edilipdi. Garaşsyz we oppozisiýa dalaşgärleri komissiýanyň olary hasaba almakdan ýüz öwürmeginden soň, protestlere çagyryş edipdiler.

Bir sagada golaý dowam eden parahatçylyk protestleriniň dowamynda Ýaşin bilen birlikde ýene üç dalaşgär: Lýubow Sobol, Iwan Ždanow we Ýuliýa Galýamina hem polisiýanyň edarasyna äkidildi.

15-nji iýulda Moskwanyň sudy Galýaminany rugsat berilmedik protesti gurnamakda we polisiýa boýun bolmazlykda günäli tapyp, oňa 31 müň rubl, ýagny $490 möçberinde pul jerimesini saldy.

Protestler komissiýanyň dalaşgärleriň sentýabrdaky saýlawlara gatnaşyp bilmegi üçin toplan gollarynyň aglabasyny geçirsiz diýip yglan edeninden soň döredi.

XS
SM
MD
LG