Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunlar we resmileriň daşary ýurt kompaniýalary bilen oňuşmazlyklarynyň açylmaýan syry


Kyrgyzstan - bribe, corruption, money, generic, undated

Kämillik we telekeçilik çemeleşmeleri ugrunda çykyş edýän, iň çylşyrymly hukuk çözgütlerini işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak bilen meşgullanýan german maliýe-syn kompaniýasy Noerr Consulting AG Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň parahorluga we korrupsiýa garşy kanunçylyklaryny deňeşdirip, olaryň arasyndaky düýpli tapawutlary ýüze çykardy.

Bu hasabat Türkmenistanda ýurduň prezidentiniň ýakynlarynyň gymmatbaha iş kreditlerini alýandygy hakynda çykan derňew makalasynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Noeer” firmasy bu deňeşdirmä ABŞ-nyň we Ýewropanyň hukuk guramalarynyň, şeýle-de Bütindünýä bankynyň Orsýetdäki, beýleki ozalky sowet respublikalaryndaky, aýratyn-da Merkezi Aziýadaky köpmilletli kompaniýalarda ýol berilýän parahorlyk jenaýatlaryna ünsi çekmegi sebäp boldy diýýär.

Ýerli hukuk firmalary bilen bilelikde edilen gözegçilik bu ýurtlaryň kanunçylygynda düýpli aratapawudy ýüze çykardy we olarda işleýän kompaniýalaryň we olaryň işgärleriniň hersi ýerli töwekgellikler babatynda aýratynlykda hukuk jogapkärçiligini çekýär.

Diňe Orsýet, Azerbaýjan we Gazagystan döwlet işgärlerine para beren, kommersiýa parahorlugyny eden kompaniýalara hem jeza berýär, Türkmenistanda we Özbegistanda kompaniýalar parahorlyk üçin jogapkärçilige çekilmeýär.

Bu ýurtlaryň ählisinde kompaniýalaryň işgärleri, öz eýeleýän wezipelerine garamazdan, resmilere para berendigi üçin jogapkärçilige çekilýär, emma Orsýetde, Gazagystanda we Türkmenistanda kommersiýa parahorlugy üçin diňe ýolbaşçy wezipelerdäki işgärler jezalandyrylýar.

Diňe Orsýetde kompaniýalar para üçin uly jerime – berlen paranyň 100 essesine çenli jerme salynmak bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Özbegistan korrupsiýa barada habar berýän adamlary goramak üçin dürli kanun çärelerini girizdi; Gazagystan we Gyrgyzystan hatda korrupsiýa barada habar berýän adamlary höweslendirmek üçin pul sylaglaryny hem belledi diýip, “Noeer” kanun firmasynyň synynda aýdylýar.

Şeýle-de, Özbegistandan beýleki ýurtlaryň ählisinde kanunçylyk döwlet resmileri babatynda myhmansöýerlik görkezilmegine çäklendirme girizýär. Orsýet, Gyrgyzystan we Türkmenistan hem, kommersiýa guramalarynyň arasyndaky sowgat meselesinde çäklendirmeleri girizýär diýip, synda bellenilýär.

Ýerli synçylar, 2017-nji ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyndan bäri bolan wakalary nazarda tutup, Türkmenistanda parahorlugy we korrupsiýany azaltmak üçin girizilen kanun çäklendirmeleriniň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny, hatda prezidentiň beren wadalarynyň hem kän netije bermeýändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda geçiren Döwlet howpsuzlygy geňeşinde ýurduň prokuraturasyny we polisiýasyny korrupsiýada aýyplady. Bu aýyplamalardan soň onlarça resmi wezipesinden boşadyldy, tussag astyna alyndy.

Emma muňa garamazdan, döwlet baştutanynyň yglan eden korrupsiýa göreşi onuň öz döreden Ykdysady jenaýatlara garşy göreş guramasyny uzak gidermän gowşatmagy we ahyrynda Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryna geçirmegi bilen ýatyp galana meňzedi. Ýogsa bu gurama başlyk bellenen Mämmethan Çakyýewiň hasabatlary başda onlarça jenaýat işiniň açylandygyny görkezdi.

2017-nji ýylyň maý aýynda turan korrupsiýa galmagaly, Azatlygyň çeşmeleriniň şol wagt beren maglumatyna görä, prezidentiň Aşgabatda geçiriljek Aziýada üçin gurply adamlardan, şol sanda Türkiýäniň “Polimeks” firmasynyň eýesi Erol Tabançadan meýletin-mejbury esaslarda pul almak tagallalarynyň çäginde turdy.

Soňy bilen Berdimuhamedowyň iň uzak işleşen we S.Nyýazow döwründe Türkmenistanda türk biznesmeni Ahmet Çalygyň tutan ornuna getiren iş adamsy Erol Tabança Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygyny taşlap, Türkmenistany terk etdi.

Elbetde, “Polimeks” Türkmenistanyň oňuşman aýrylyşan ilkinji we soňky daşary ýurt firmasy däl we bu oňuşmazlyklaryň köpüsiniň sebäbi, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň maglumatyna görä, firmalar bilen türkmen resmileriniň arasyndaky para dawalaryndan uç alýar.

Megerem şu ýagdaý sebäpli, Türkmenistan soňky döwürde uly gurluşyk işlerinde hem ýerli firmalara daýanmaga başlady.

Mysal üçin, rezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji ýanwarda gol çeken kararyna laýyklykda, türkmen gaznasyna 2,3 milliard amerikan dollaryna düşjek täze ýol “Türkmen Awtoban” ýapyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýar. “Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, bu firmanyň eýesi prezidentiň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebow bolup, ol ýurt içinde we daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän işi rowaç biznes imperiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistan halkara korrupsiýa görkezijilerinde ýylyň-ýylyna iň bozuk ýurtlaryň arasynda görkezilýär we şu ýyl metbugat azatlygy meselesinde Demirgazyk Koreýadan hem yzdaky orna düşdi.


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG