Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Algyly kompaniýalar Aşgabady suda bermek üçin nobata durýar, synçylar hökümeti gurluşyklary togtatmaga çagyrýar


Aşgabat. Täze uçar menzili
Aşgabat. Täze uçar menzili

“Roýters” habar agentligi daşary ýurt kompaniýalarynyň nagt puly azalan Türkmenistany suda bermek üçin nobata durýandyklaryny habar berýär, ýerli synçylar meseläniň diňe algyly kompaniýalar bilen çäklenmeýändigini, hökümetiň öz guran desgalarynyň harajatlarynyň aşagynda galyp, silden ejir çeken raýatlara berilmeli öwez pullaryna hem gurbatynyň çatmaýandygyny öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti ekspertleriň aýdan 'ykdysady krizisini' agzaman, gurlanda we soň saklamak üçin ýüz millionlarça dollar çykdajysy boljak täze gurluşyk planlaryny yglan edýär.

Türkmenistan bilen hökümet şertnamalary esasynda eden işleriniň hakyny doly alyp bilmeýändigini aýdýan kompaniýalaryň arasyndaky dawalar, metbugat maglumatlaryndan çen tutulsa, öňräkden gelýär.

Emma “Roýters” bu ýagdaýy diňe energiýa nyrhlarynyň aşaklamagy bilen baglanyşdyrýar we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň üç ýyl arakesmeden soň türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlamagynyň Aşgabat üçin o diýen çalt bolmandygyna, sebäbi bir topar kompaniýanyň ony tölenmedik pullar üçin suda berendigine ünsi çekýär.

Megerem şu gijikme bilen bagly, resmi türkmen metbugaty Orsýet bilen aradaky gaz söwdasynyň dikeldilendigi, täze ylalaşygyň jikme-jiklikleri, şol sanda gazyň haýsy bahadan we näçe wagt, näçe mukdarda alynjakagy hakynda hiç bir habar bermedi.

Ýöne "Roýters" “Gazprom” bilen baglaşylan häzirki şertnamanyň söwdany ulaltmak ugrunda alnyp barylýan gepleşikleriň we türkmen senagat taslamalaryna zerur bolan serişdeleriň uzagyndan gazanylmak alamaty bolmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti, “Roýtersiň” synyna görä, 2015-nji ýyla çenli, energiýa bahalarynyň ýokary bolmagyndan we gaz eksportyndan gelýän girdejilerden “gülläp ösdi” we türkmen hökümetiniň milliardlarça dollara durýan zawodlara, uly ýollara... serişde ýatyrmagyna mümkinçilik berdi.

Emma bu mümkinçilik, energiýa bahalary aşaklandan soň Türkmenistanyň esasy iki alyjysynyň biri bolan Orsýeti ýitirmegi, daşary ýurt kompaniýalarynyň töleg şikaýatlarynyň gürelmegibilen tamam bolana meňzedi.

Şu aralykda Türkmenistanyň “Türkmengaz” we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýalarynyň arasyndaky töleg dawalary suddan bärde çözülene meňzeýär, Eýran bilen aradaky töleg dawalarynyň ýagdaýy bolsa aýdyň däl. Onsoň Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň töleg talaplary, Türkmenistanda millionlarça dollara durýan enjamlarynyň berilmeýändigi baradaky şikaýatlarydiňe öňden gelýändawalaryň üstüni ýetirýär.

Mundan öň Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň Türkmenistanda esasy daşary ýurt gurluşykçylarynyň birine öwrülen türk kompaniýasy “Polimeks” hem ýurtdan çykdy we onuň hem şeýle dawalarynyň bardygy mälim boldy.

Orsýetiň MTS mobil kompaniýasy golaýda Türkmenistanda ýatyran maýasy sebäpli çeken zyýanynyň öwezine talap edýän serişdelerini 700 million dollardan 1,5 milliarda çykardy. Bu habar hakyny alyp bilmeýän türk işçileriniň Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň öňünde nobatdaky protestlerini geçirýän wagtyna gabat geldi. Mundan öň, howpsuzlyk talaplary bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň Ýewropa ýurtlarynyň howa giňişligine girmegi gadagan edildi.

Ýerli synçylar, şol sanda ozalky türkmen ilçisi Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen hökümetiniň emele gelen agyr ýagdaýa dogry syýasy-ykdysady baha bermegi näçe gijikdirse, özüne we halka şonça-da kän zyýan etjekdigini duýdurýarlar.

Bu agyr ýagdaý gitdigiçe beterleşýär. Şunuň ýaly ýagdaýda ýene gurluşyklar dowam etdirilýär. Ol Türkmenistanyň ýagdaýyny agyr duruma getirýär. Şonuň üçin iň azyndan on ýyllap täze gurluşyklary kesmeli, şu mahalky ýagdaýdan ýuwaş-ýuwaş çykar ýaly ýagdaý döretmeli” diýip, Hanamow Wenanadan Azatlygyň soraglaryna jogap berende aýtdy.

Ozalky türkmen resmisiniň hasaplamalaryna görä, öz taslama kuwwatlyklaryndan has pes derejede işleýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyndan başga,ýurtda soňky 12 ýylda gurlan desgalaryň köpüsi, şol sanda demir ýollary, kaşaň myhmanhanalar, kongres zallary, ministrlikleriň edara jaýlary, Olimpiýa şäherçesinde we beýleki ýerlerde gurlan sport desgalary, täze gurlan uçar menzilleri, Türkmenbaşy porty, emeli ada, “Altyn asyr” Türkmen köli ýaly desgalar türkmen ykdysadyýetine girdeji getirmekden geçen, uly ýük we aýakbagy bolýar.

XS
SM
MD
LG