Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky irki saýlawlarda prezidentiň partiýasy parlamentde aglaba ýeri eýelemegiň ugrunda ilerleýär


Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainadaky irki parlament saýlawlarynda sesleriň ortaça 44 prosenti sanalandan soňra, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň “Halkyň hyzmatkäri” partiýasy parlamentde aglaba ýeri eýelemegiň ugrunda ilerleýän ýaly bolup görünýär diýip, ýurduň Merkezi Saýlaw Komissiýasy aýtdy.

Zelenskiýniň partiýasy Ukrainanyň 199 okrugyndan 120 sanysynda öňe saýlandy. Bu görkeziji Ukraina wagty bilen sagat 9:15-e, Aşgabat wagty bilen sagat 11:15-e degişlidir.

Şeýle-de deslapky netijelere görä, partiýa sesleriň 42 prosentini almak bilen, partiýa sanawlarynda hem aglaba köplügi gazandy. Partiýa bu görkeziji bilen, sesleriň 12 prosentine eýe bolan iň ýakyn bäsdeşinden hem öňe saýlandy.

Ukrainanyň garyşyk saýlaw sistemasyna laýyklykda, ýurduň parlamentindäki - Werhowna Radadaky - ýerleriň ýarysy partiýa sanawlaryndaky sesler arkaly, galanlary bolsa saýlaw bäsdeşligi esasynda kesgitlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG