Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny tussaghanadan gyssagly keselhana geçirileninden bir soň waka bilen baglanyşkly dürli pikirler dowam edýär


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Orsýetiň iň tanymal oppozision şahsyýeti Alekseý Nawalny näbelli kesel sebäpli tussaghanadan Moskwanyň bir keselhanasyna geçirileninden bir gün soň waka bilen baglanyşkly dürli pikirler dowam edýär.

Keslehananyň trapewtik bölüminiň lukmany Eldar Kazahmedowiň 29-njy iýulda habar gullugy Interfaksa aýtmagyna görä, Kremliň ganym duşmanynyň keseli “umumylaşan allergiýa reaksiýasy”, ýöne “muňa näme zadyň sebäp bolandygyny aýtmak kyn”.

Keselhananyň kimlerdigi belli edilmedik wekilleriniň aýtmagyna görä bolsa, Nawalny “kanagatlanarly” saglyk ýagdaýynda.

Habar gullugy AFP wekilleriň birine salgylanyp, “onuň bedeniniň temperaturasy 36,6 gradus” diýip berdi.

Nawalnynyň lukmany Anastasiýa Wasilýewa onuň näbelli himiki madda bilen zäherlenen bolmagy mümkin diýip, alada bildirdi.

28-nji iýulda Nawalny bilen gysgaça gürleşen Wasilýewa “Facebook” sahypasynda häkimiýetleriň Nawalnyny doly barlamaga özüne rugsat etmändikleri hakda nägilelik bildirdi.

29-njy iýulda hem ol keselhanadaky lukmanlary Nawalnynyň keseline näme zadyň sebäp bolandygyny barlamanlykda aýyplady.

“Olar umumylaşan çiş we teninde dörän gyzyl tegmilleriň sebäplerini anyklamazlyk kararyna geldiler” diýip, Wasilýewa ýazdy.

Nawalny 27-nji iýulda Moskwada rugsatsyz protestlere çagyrandygy üçin öten hepde 30 gün türme tussaglygyna höküm edildi. Orsýetde demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagyna gözegçilik edýän garaşsyz toparyň aýtmagyna görä, bu protestlerde 1300-den gowrak adam tussug edildi.

Nawalny soňky ýyllarda on-on iki gezek türme tussaglygyna höküm edilip, 200 günden gowrak wagtyny tussaglykda geçirdi.

Onuň metbugat wekili Kira Ýarmyş ol 28-nji iýulda ir ertir “ýüzi çiş we tenini gyzyl tegmiller bürän ýagdaýda” Moskwanyň keselhanasyna geldi, “beýle allergiki reaksiýa onuň ozal gören zady däl” diýdi.

Nawalnynyň ýokary derejeli kömekçisi Leonid Wolkow soňra Twitterde onuň geçen aý şol türme bölüminde oturanynda-da şular ýaly reaksiýasynyň bolandygyny ýazdy.

Wolkow “dildüwşük” gürrüňlerini ret edip, tersine tussaghananyň arassaçylyk ölçegleri hakda “çynlakaý derňew” geçirilmegine çagyrdy.

Polisiýa 28-nji iýulda Nawalnynyň bejergi alýan keselhanasynyň daşyna üýşen 20-ä golaý adamy dargadyp, bir žurnalisti saklady.

Twitterde ýerleşdirilen wideo ýazgyda, polisiýanyň keselhananyň daşyna ýygnan adamlary dargadýan pursatlary görünýär.

Keselhananyň daşynda waka barada janly efirde maglumat beren “Dožd” internet telewideniýesiniň žurnalisti hem tussag edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG