Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlarynyň gulluga zor bilen çekilmeginiň fonunda harby resmi düşündiriş bilen çykyş etdi


Harby kasam ediş dabarasy, Türkmenistan (arhiw suraty)
Harby kasam ediş dabarasy, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda ýaşlaryň harby gulluga zor bilen alynmagy we ýaragly güýçlerindäki eden-etdilikler barada yzygiderli berýän maglumatlarymyzyň fonunda internetde türkmenistanly harby resminiň agzalýan problemalaryň käbirine degişli çykyşy peýda boldy. Gozgalan meseleleriň biri ýaşlaryň dynç alyş döwründe Türkmenistana baranda tutulyp, zor bilen goşun gullugyna çekilmegine degişli.

Köp tanalmaýan InAshgabat News atly YouTube kanalynda 27-nji iýulda çap bolan çykyşynda özüni Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýory Şöhrat Amanow diýip tanadan resmisi 2019-njy ýylyň goşun gullugyna çagyryşyň dowamynda raýatlardan harby gulluga degişli köp sanly soraglaryň öňe sürlendigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, raýatlar harby gullugyň möhletiniň 3 ýyla çenli artdyrylmagyna, şeýle-de daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň Türkmenistana baranda saklanyp, harby gulluga çekilmegine degişli köp sorag berýärler.

Bu wideoda çykyş edýän Şohrat Amanow Türkmenistanda ýaşlaryň saklanyp, zor bilen goşuna äkidilmegi baradaky maglumatlary tassyklamady, ret hem etmedi, emma goşuna çekmek işiniň ýurduň ähli ýerlerinde ähli harby bölümlerinde guramaçylykly alnyp barylandygyny habar berdi.

Ol bu sowal bilen daşary ýurtlarda bilim alýan harby gulluk ýaşyndaky raýatlaryň köp gyzyklanýandygyny belleýär we sowallara jogap hökmünde ýurduň kanunlaryna, şol sanda Baş kanunyna we prezidentiň permanlaryna salgylanyp, harby gullugyň möhletiniň iki ýyldan ybaratdygyny aýdýarlar we gullugy yza tesdirmek üçin göz öňünde tutulan mümkinçilikleri düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, harby gullugy yza tesdirmek hukugyna 26 ýaşyna ýetmedik we öň ýokary okuw jaýlarynda okamadyklar eýe bolýarlar; 26 ýaşy dolan raýatlar bolsa, okuwyny tamamlamadyk hem bolsalar, öz harby borjuny berjaý etmäge borçly bolýarlar. Şol bir wagtda-da öz ýurdunyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlar okuwynyň arasyny kesmäge we harby gullukdan soň dowam etdirmäge hukukly. Üstesine, raýatlaryň saglyk ýagdaýy, maşgala ýagdaýlary we orta hünärmenlik ýa-da ýokary okuw jaýynda bilim almak sebäpli wagtlaýyn ýa-da hemişelik harby gullukdan boşadylmagyna esas berilýändigi aýdylýar.

“Internatura, aspirantura we doktorantura harby gullukdan boşadylmagyna esas bermeýär”, diýip maýor Amanow aýdýar.

Türkmenistanda raýatlar harby gulluga 18-27 ýaş aralygynda çekilýärler.

Şeýle-de, wideodaky harby resmi daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryna ilçihanalar tarapyndan zerur ýardamyň we maslahatlaryň berilýändigini habar berýär. Emma raýatlaryň ýokary bilim üçin ýurt saýlanlarynda ýurduň içerki kanunlaryny we düzgünlerini öwrenmelidigini belleýär.

“Şeýle meseleleriň ýüze çykmazlygy, kanunlaryň bozulmazlygy üçin,Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we ýurduň döwlet edarasy bolan Migrasiýa gullugy Daşary işler ministrligi bilen bilelikde zerur çäreleri görýär” diýip, 27-nji iýulda InAshgabat News atly YouTube kanalynda çap edilen wideoda çykyş eden resmi habar berýär. Emma ol zerur diýilýän çäreleriň nämeden ybaratdygyny takyklaşdyrmaýar.

Şeýle-de, ol Türkmenistanda orta mekdebini tamamlan ýaşlaryň harby bölümlere meýletin ýüz tutýandygyny habar berip, munuň buýsandyrýandygyny belleýär.

Ýatlatsak, şu ýylyň bahar aýlarynda Türkmenistanda ýaşlaryň harby gulluga mejbur edilmegine degişli ýagdaýlar köpeldi. Mekdep okuwçylarynyň okuwyny tamamlamanka dessine goşuna alynmagy, daşary ýurtlarda okaýan ýaşlaryň öz ýurduna dynç alyşa baranda saklanyp harby gulluga alynmagy, ýalary daşary ýurtlardan getirmek üçin olaryň ene-atalaryna gysyş görkezilmegi ýaly ýagdaýlaryň onlarçasy köpçülige mälim boldy.

Üstesine, harby gulluga saglyk taýdan mümkinçiligi bolmadyk ýarawsyz ýaşlary çekmek boýunça wakalaryň ençemesi ýüze çykdy.

Türkmenistanda 2019-njy ýylda harby gulluga çagyryşyň bahar möwsümi 20-nji martda yglan edildi we aprel-iýun aralygynda dowam etdi.

Munuň dowamynda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň ýurduna dolanmazlyk islegleri artdy, ene atalaryň öz çagalarynyň daşary ýurtlarda bilimini tamamlaýança ýurda dolanmazlygy özleriniň maslahat berýändigini mälim boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, Türkmenistandaky çeşmeleri we radiodiňleýjileri türkmen goşunyndaky eden-etdilikler, parahorluk, azyk üpjünçiliginiň gowşaklygy, keselçilik, zorluk, şol sanda esgerleriň urlup-ýenjilmegi we ölýän halatlary barada yzygiderli habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG