Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýarawsyz ýaşlar harby gulluga ‘alnyp gidilýär’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýaşlary çagyryş boýunça harby gulluga almagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, 18 ýaşy dolan oglanlary, hatda ýarawsyz ýaşlary harby gulluga alyp gitmek çäresi dowam edýär. Bu barada “turkmen.news” neşiri habar berýär.

“Lebap welaýatyndan redaksiýa gelip gowşan maglumatlara görä, harby gulluga çagyryş nokatlaryna saglyk barlagyndan geçmedik ýaşlary hem alyp gidýärler. Oglanlaryň harby gulluga ýaramlydygy ýa-da däldigi harby komissarlygy gyzyklandyrmaýar. Ähli oglanlary otla mündirýärler we harby gullugy geçjek bölümine iberýärler” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 4-nji iýulda habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, ýakynda köriçegesinden operasiýa edilen bir ýaş oglana harby gullugy yza süýşürmek barada resminama berilmeýär we ol harby gulluga çagyryş nokadyndan göni harby gullugy geçjek bölümine iberilýär. Ýöne harby gulluga alnyp barylýan bu oglan “Zerger” demirýol stansiýasyndan öýüne gaçýar we şondan bir gün soň ony we onuň ene-atasyny harby prokuror çagyrýar.

“Häzirki wagt oglan çagyryş boýunça harby gullukdan boýun gaçyrmak barada jenaýat jogapkärçiligine çekilmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýöne onuň ýaňy-ýakynda operasiýa edilendigi we häzir saglyk ýagdaýynyň berkemändigi baradaky delilleri kabul edilmeýär” diýip, neşir gürrüňi edilýän maşgalany tanaýan lebaply çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Redaksiýanyň Lebap welaýatynyň harby wekilliginden kommmentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlary goşun gullugyna çekmek çärelerini güýçlendirdiler.

7-nji iýunda Aşgabadyň häkimiýetleriniň orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýandygy mälim boldy.

Şonda habarçy Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleriniň harby gulluga ýaşy ýeten okuwçylary häzirki çagyryş möwsümine ýetişdirmek üçin mugallymlary gyssap, gysga wagtyň içinde degişli okuwçylaryň ähli bahalarynyň goýulmagyny talap edýändigini gürrüň beripdi.

21-nji iýunda Aşgabadyň orta mekdeplerinde onlarça oglanyň şu ýyl okuwy tamamlaýan ýaşlar üçin niýetlenip geçirilen gutardyş şahadatnamalaryny almak dabaralaryna gatnaşyp bilmändigini, sebäbi olaryň bu çäreden öň harby gulluga alnyp gidilendigi habar berildi.

20-nji maýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Russiýanyň ýokary okuw jaýynda bilim alýan türkmenistanly bir studentiň Moskwadan Aşgabada dolanan güni çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilendigini gürrüň berdi.

Şuňa meňzeş wakanyň 1-nji iýunda hem bolandygyny we Türkiýeden gelen dört studentiň Aşgabadyň aeroportundan göni harby gulluga alnyp gidilendigini “Hronika Türkmenistan” neşiri 4-nji iýunda mälim etdi.

Mart aýynyň dowamynda Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edendigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 1-nji aprelde habar berdi.

Harby gulluga çagyrylmaly raýatlaryň medisina barlaglarynda saglyk komissiýalarynyň gulluga ýarawsyz raýatlar üçin hem “ýarawly” diýip netije çykarýandyklaryny, şu ýylyň fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky we Aşgabatdaky habarçylary habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we ýerli synçylaryň ençemesi ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagy bilen baglylykda, raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini aýdýarlar. Munuň bolsa, goşunda gulluk etmeli esgerleriň ýetmezçiligine sebäp bolýandygy aýdylýar.

20-nji martda Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna we buýrugyna laýyklykda, 18 ýaşy dolan raýatlar 2019-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga çekilmeli edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG