Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew tussag edildi


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň jaýy.
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň jaýy.

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew, häkimiýetleriň onuň howlusyna eden zabtyndan soň, tussag edildi. Bu barada Interfax gullugynyň habarçylary maglumat berýärler.

Mundan öň, öten agşam başa barmadyk zorlukly synanyşykdan soň, gyrgyz ýörite güýçleri öňki prezidenti tussag etmek üçin onuň howlusyna gaýtadan zabt edipdiler. Birinji synanyşykda bir harby gullukçy heläk boldy, 79 adam, şol sanda 15 sany polisiýa işgäri ýaralandy.

Azatlygyň habarçylary polisiýanyň 8-nji awgustda, Atambaýewiň öz onlarça tarapdary bilen toplanan howlusyna girende sesli granatlary we göz ýaşardyjy gaz ulanandygyny habar berýärler. Şeýle-de olar ýarag sesleriniň eşidilendigini habar berdiler.

Bu çäre 7-nji awgust güni giçlik ýörite güýçleriň alty agzasy Atambaýewiň goldawçylary tarapyndan zamun alnyp, soňra azat edilenden soň görüldi.

Ýurduň saýlama güýçleriniň 62 ýaşyndaky Atambaýewi tussag etmek synanyşygynyň şowsuz gutarmagy bilen, öňki prezidentiň uludan gurlan ýaşaýyş jaýynyň töweregindäki dartgynlyklar saklanyp galýar. Ol Gyrgyzystanyň prezidenti bolan döwründe wezipesini hyýanatçylykly peýdalanyp, kanun maddalarynyň bäşisini bozmakda we bikanun baýamakda aýyplanýar.

Atambaýew bu aýyplamalary ret edýär we 7-nji awgustda polisiýanyň özüni sorag etmek üçin tussag etmegine garşylyk bildirdi.

Prezident Sooronbaý Jeenbekow we Atambaýew 8-nji awgustda bir-birini gandöküşlige sebäp bolmakda aýyplady.

Jeenbekow 8-nji awgustda Milli howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary mejlisinde çykyş edip, Atamabaýwiň bu ganly hadysada doly jogapkärçilik çekmelidigini aýtdy.

"Kanunyň çäginde guralan derňew çärelerine gazaply ýaragly garşylyk görkezmek bilen, Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň kanunlaryny we konstitusiýany gödek basgylady” diýip, Jeenbekow aýtdy.

"Eger-de Atambaýew düýn däl-de öňňin derňewe şaýat hökmünde gatnaşmaga çagyrylan bolsa, indi oňa çynlakaý jenaýat eden adam hökmünde çemeleşiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ozalky prezident Atambaýewi tutmak synanyşygy ganly garşylyga alyp geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:14 0:00

Atambýaew 8-nji awgustda, Aprel TW-de efire berlen wideo beýanatynda özüniň tussag edilmek synanyşygyny konstitusiýa sygmaýan we bikanun hereket diýip atlandyrdy.

Atambaýew soraglara ýazmaça jogap bermegi teklip edendigini aýtdy. Emma ol “häkimiýetler meniň kanunyň çäginde hereket etmek çagyryşlaryma gulak asmadylar... Men islendik soraga jogap bermäge taýýar, sebäbi ol ýerde korrupsiýa bolmady” diýdi.

Şeýle-de ol häkimiýetleri “ýörite güýçleriňöz adamlaryna garşy ok atmazlygyny üpjün etmäge” çagyrdy.

Ýaraly bolanlaryň arasynda Çuý regional polisiýasynyň başlygy Samat Kurmankulow hem bar. Lukmanlar onuň kellesini operasiýa etdiler we ol ýagdaýy agyr ýaralylaryň sanawyna girizildi diýip, Saglyk ministrligi aýtdy. Onuň kellesine ýetip gelýän polisiýa ofiserlerine tarap zyňlan daşlardan zeper ýetdi.

Ýaşaýan ýerine zabt edip başlanlarynda, Atambaýew öz howlusynda tarapdarlary bilen el gysyp görüşýärdi. Wideo onuň aňryk alnyp gidilendigini, emma şol ýerdäki otaglaryň birinde galandgyny görkezýär.

Gyrgyzystanyň Döwlet milli howpsuzlyk komiteti polisiýanyň diňe rezin oklary ulanandygyny aýtdy.

Jeenbekow we Atambaýew soňky aýlarda bir-birini iş bilmezlikde we professionalizmiň bolmazlygynda aýyplady.

Howla zabt edilmezinden öň, içeri işler ministriniň orunbasary Mirlan Kanimetow we ýene birnäçe resmi 22-nji iýulda Atambaýewiň öýüne bardy. Şondan öň ol häkimiýetleriň sorag üçin üçünji çakylygyny hem ret etdi, ýagny soraga gelmekden boýun gaçyrdy.

Gyrgyz kanunçylygyna görä, häkimiýetleriň çakylygyna boýun bolmadyk adam zor bilen tussag edilip we soraga çekilip bilinýär.

Parlament 27-nji iýunda ozalky prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezligi baradaky kanuny ýatyrmak kararyna ses bereninden soň, Atambaýew köplenç öz howlusynda boldy we ýaraglarynyň bardygyny açyk aýtdy.

Onuň aklawçysy prezidentiň jogapkärçilige çekilmezlik düzgünini ýatyrmak barada ses berişligiň konstitusiýa sygmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG