Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH: Berdimuhamedow "Awazada" täze taslamalar bilen tanşyp, welosipedde agtygynyň sazyny diňledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazada" welosipedli gezim edýär. TDH-nyň suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazada" welosipedli gezim edýär. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji awgustda Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp, täze gurulmaly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, un sepilip, alaja dakylyp, ýüzärlik tütedilip işe girizilen täze gämä pata berdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutanynyň Balkan welaýatyna sapary Türkmenbaşyda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Azatlyk radiosynyň habarçysy 5-nji awgustda, birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäginde, welaýatyň býujet işgärleriniň 5 müňe golaýynyň Türkmenbaşy şäheriniň köçelerini arassalamaga, jaýlary reňklemäge mejbur edilýändigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek şäheri arassalamak çärelerine tas ähli edara-kärhananyň, şol sanda polisiýa we prokuratura işgärleri hem çekildi, ýöne polisiýa we prokuratura işgärleriniň köpüsi öz ýerine hakyna adam tutýar.

Býujet işgärleri we hakyna tutulan adamlar deňiz portunyň töwereklerini, kenar ýakalaryny, aeroportdan “Awaza” çenli aralygy arassalaýarlar. Olar şäher içindäki gurluşyk işlerine hem çekilýär” diýip, habarçymyz adamlaryň mejbury zähmetden nägiledigini, ýöne işden kowulmakdan gorkup, seslerini çykaryp bilmeýändiklerini habar berdi.

“Turkmen.news” neşiriniň 7-nji awgustdaky maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri 11-12-nji awgustda Türkmenbaşyda geçiriljek foruma görülýän taýýarlyk bilen bir hatarda, Aşgabatda hem jemagat hojalygynyň işgärlerini merkezi köçeleri tämizlemäge sürdüler.

Neşir paýtagtda polisiýa gözegçiliginiň, pyýada we awtoulagly polisiýa işgärleriniň hem görnetin köpelendigini habar berýär.

“Gözegçiligiň beýle güýçlendirilmegi golaýda ýurtda prezidentiň ýogalandygy hakynda ýaýran gürrüňler mahalyndaky ümsümlige düýpden gapma-garşy gelýär” diýip, “Turkmen.news” belleýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi “Awazada” ýene 10 gektar meýdany tutjak täze binalary, şol sanda kottej görnüşli jaýlary, suw arassalaýjy desgany, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalary gurmagy planlaşdyrýar. Şeýle-de bu ýerde türkmeniň “ak öýi” görnüşindäki desga gurlar diýip, habarda aýdylýar.

Mundan öň prezident ýurduň ähli welaýatynda, regional býujetleriň hasabyna, “Ak öý” binalaryny gurmagy tabşyrdy.

Synçylaryň hasaplamalaryna görä, bu hili desgalar, kongres zallary, döwlet serişdesine gurlan we soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň garamagyna geçirilýän uly myhamanhanalar, Olimpiýa şäherçesi ýaly sport desgalary, kaşaň ýaşaýyş jaýlary köplenç türkmen gaznasyna agyr ýük bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikiriçe, “bu gurluşyklaryň türkmen halky we türkmen ykdysadyýeti üçin hiç manysy ýok, olar diňe pul sowurmak bolup durýar”.

Biz Berdimuhamedowyň öz ýakyn töwereginiň bardygyny we goldawlaryny almak üçin olary hoşwat etmelidigini bilýäris. Onsoň ol şunuň ýaly däli gurluşyk taslamalaryna ýüz urmaly bolýar, olara hökümet puly harçlanýar, bu pullaryň käbir böleginiň jogapkär adamlar tarapyndan ogurlanýandygyny hem çaklamak bolar. Bu olary bagtly edýär we prezident şeýdip öz töweregindäkileriň wepadarlygyny gazanýar we şeýle taslamalary dowam etdirýär” diýip, Panniýer aýtdy.

Ekspertiň pikiriçe, Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan gymmatbaha desgalaryň köpüsi, şol sanda döwleti baý edip görkezmek üçin “Awazada” gurlan myhmanhanalar 20 ýyl töweregi wagt içinde bozulyp başlar, sebäbi olar köplenç aňry gitse 20-30% myhmanly we girdeji getirmeýän jaýlary saklamak üçin serişde tapmak kyn bolar.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow "Awazada" welosiped sürüp, agtygy Kerimiň "Ýaşa, Türkmenistan! Bedew bady bilen diňe öňe!" diýen täze sazyny diňledi. Wise-premýer Bahargül Abdyýewa bolsa ýurduň sungat işgärleriniň bu saza aýdym döredýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG