Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiw dynç alýan Berdimuhamedow türkmen TW-de göründi we 'Dowzahyň derwezesine' baryp gaýtdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10 günden gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek döwlet telewideniýesinde göründi.

Türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow öz dynç rugsadynyň dowamynda aktiw dynç alýar.

Agşamky telegepleşikde türkmen lideriniň tigir sürüşi, atly gezelenç edişi we awtomat ýaragyndan ok atyşy görkezilýär.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, Berdimuhamedow Garagum çölünde sport ulagyny sürüp, "Dowzahyň derwezesi" diýlip tanalýan Derweze gaz kraterine barypdyr.

Bu, Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky on günden gowrak wagtyň dowamynda telewideniýedäki ilkinji çykyşydyr. Soňky gezek ol 24-nji iýulda, onuň ölendigi baradaky myş-myşlaryň ýaýramagynyň yzýany görkezilipdi. Emma 24-nji iýulda görkezilen kadrlara telewizion bilermenler tarapynda şübhe bildirilipdi. Olar bu wideolaryň şu ýylyň 10-njy maýynda "Watan"programmasynda görkezilen kadrlar bilen birmeňzeşdigini aýdypdy.

Mundan öň resmi habar serişdeleri Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň 15-nji iýuldan 15-nji awgusta çenli bir aýlyk dynç alyşa gidendigini habar beripdi. Berdimuhamedow ozalky ýyllarda şeýle uzak wagtlyk dynç alyşa çykmandy. Üstesine, onuň dynç alyşda bolan wagtynda-da döwlet habar serişdeleri onuň näme bilen meşgullanýandygyny günde habar berýärdi.

Prezidentiň ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda we media giňişliginde gözden ýitmegi ilatyň arasynda dürli myş-,yşlaryň döremegine getirdi, diýiň Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň dürli regionlaryndaky habarçylary aýdýarlar.

21-nji iýulda türkmen sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi barada habar berilipdi. Şol günüň özünde bu habary TASS habar agentligi Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna salgylanyp inkär etdi.

Habarlaryň online giňişlikde Türkmenistanyň içine aralaşmagy bilen sosial ulgamlarynda türkmen sahnasynyň wekilleriniň birnäçesiniň wideoçykyşlary ýerleşdirildi. 26-njy iýulda Instagramda peýda bolan bu çykyşlarda "prezidentiň ýagdaýy" barada "ýalan habarlara" ynanmazlyga çagyryş edildi.

Mundan soň sosial mediada "adaty raýatlaryň" ýüzlenmeleri çap edilip, olarda Türkmenistanyň prezidentiniň ölümi barada habar beren çeşmeleriň adyna tankyt we nägilelikler öňe sürüldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG