Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan Hazar ykdysady forumyna taýýarlanýar: Türkmenbaşynyň köçeleri arassalanýar, jaýlar boýalýar


Türkmenistanda köçeleri süpürmek we arassalamak işlerine gatnaşýan edara-kärhanalaryň işgärleri. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanda köçeleri süpürmek we arassalamak işlerine gatnaşýan edara-kärhanalaryň işgärleri. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň Balkan welaýaty birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görýär. Bu taýýarlyklar bilen baglylykda, balkanly býujet işgärleri Türkmenbaşy şäheriniň köçelerini arassalamaga, jaýlary reňklemäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýat häkimligindäki ynamdar çeşmesi habar berýär.

Belläp geçsek, bu halkara çäre, ýagny birinji Hazar ykdysady forumy Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 11-12-nji awgustynda geçiriler.

“Balkan welaýatynyň tas ähli etrabynyň, şol sanda Serdar, Çeleken etraplarynyň býujet işgärleri Türkmenbaşy şäherine hapalary arassalamaga çagyryldy. Häzir olar köçeleri ýuwup-süpürmek, jaýlaryň daşky fasadyny remont etmek, çöp-çalamlary arassalamak işlerini berjaý etmäge mejbur edilýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren çeşme 5-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek şäheri arassalamak çärelerine tas ähli edara-kärhanalaryň, şol sanda polisiýa we prokuratura işgärleriniň ortaça 5 müň sanysyny gatnaşmaga mejbur edilýär. Ýöne polisiýa we prokuratura işgärleriniň aglabasy öz ýerine hakyna adam tutup iberýär.

“Býujet işgärleri we hakyna tutulan adamlar, esasan-da, deňiz portunyň töwereklerini, kenar ýakalaryny, tas tutuş aeroportdan ‘Awaza’ çenli aralygy arassalaýarlar. Olar şäher içindäki gurluşyk işlerine hem çekilýärler. Olaryň tas ählisi bu mejbury zähmetden nägile, ýöne olar işden kowulmakdan gorkýandyklary sebäpli, öz nägileliklerini beýan etmeýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çeşme bu çäräniň iýun aýynyň üçünji ongünlüginden başlanandygyny we awgust aýynyň 9-na çenli dowam etjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Býujet işgärleri günde ortaça 15 sagat işledilýär. Olaryň iýmit, ýaşaýyş şertleri hem öwerlikli däl. Býujet işgärleriniň arasynda çöp-çalamlary çapyp arassalaýan döwründe zäherli ýylanlaryň we möýleriň hüjümine sezewar bolup, saglyk näsazlyklaryndan ejir çekýänleri hem bar” diýip, çeşme sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýat häkimligine jaň edip, ýokarda aýdylanlar barada kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Belläp geçsek, 1-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary “Awazada” geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň paýtagtda hem başlanandygyny habar beripdi.

Habarçylar paýtagtyň ýollarynyň ugrundaky täze duralgalaryň kondisionerleriniň çalşyrylýandygyny, şeýle-de olarda goýlan ekranlaryň hem täzelenendigini gürrüň beripdiler.

Şonda foruma resmi derejede çagyrylan daşary ýurtly bir kompaniýanyň wekili Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu taýýarlyklaryň sebäplerini maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň Awaza gitmek üçin ilki Aşgabada barýandygy bilen düşündiripdi.

Türkmenistanda adatça türkmen prezidentiniň welaýatlara edýän saparlarynyň ýa-da ýurtda geçirilýän halkara çäreleriniň öňýanynda, berk taýýarlyk çäreleri görülýär. Ýollar bejerilip, köçeleriň kenarlary arassalanýar we jaýlar abatlanýar.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri prezidentiň sapary we halkara çäreler barada giň göwrümli reportažlary taýýarlasa-da, olara görlen taýýarlyklar, şol sanda býujet işgärleriniň “şäheri arassalamak” çärelerine mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç hili maglumat bilen çykyş etmeýärler. Bu barada türkmen häkimiýetleri hem kelam agyz söz aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG