Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazar forumyna taýýarlanýan Türkmenbaşyda raýatlaryň hereket azatlyklary çäklendirilýär


"Awazada" gurlan täze ýadygärlik
"Awazada" gurlan täze ýadygärlik

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy awgustda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, ýylyň ýedi aýynda gazanylan netijelere seretdi diýip, TDH habar berýär.

Bu mejlis döwlet baştutanynyň Balkan welaýatyna saparynyň ikinji gününde geçirildi, 8-nji awgustda ol “Awazada” welosipedli gezim edip, täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, täze gämini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Azatlygyň sebitdäki habarçylary şol günden bäri “Aawazada” dynç alýan ýönekeý adamlaryň, ýerli ilatyň, prezidentiň sapary we öňde duran Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk bilen baglylykda, goşmaça kynçylyklara sezewar bolýandygyny habar berýärler.

11-12-nji awgustda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Balkandaky habarçymyzyň maglumatyna görä, 8-nji awgustdan bäri “Awaza” dynç almaga gelen raýatlaryň käbiriniň ýaşaýan myhmanhanasyndan çykarylan halatlary hem boldy.

“Türkmenbaşy şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, bu ýagdaý ýaşaýjylaryň gündelik durmuşynda goşmaça kynçylyklary döredýär” diýip, ol 10-njy awgustda aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, soňky günlerde Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky Gyýanly, Guwlymaýak, Janga ýaly ýerleriň ýaşaýjylary şähere işe gelmekde we yzlaryna gitmekde, adaty barýan bazarlaryna baryp, zerur söwda-satyglaryny etmekde, toý-sadakalara görünmekde we beýleki zerurlyklarynda köp kynçylyk çekýärler.

Sebäbi her gün diýen ýaly ýollar ýapylýar, pyýadalaryň we awtoulaglaryň hereketi çäklendirilýär diýip, habarçy gürrüňini dowam etdi.

Aýdylmagyna görä, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bu ýerde geçjek foruma gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek aladalary bilen düşündirilýär.Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen häkimiýet wekiliniň maglumatyna görä, “Awaza” häzir bu ýere sapar etjek döwlet ýolbaşçylarynyň howpsuzlyk işgärleri hem geldi.

Azatlyk ozal Balkan welaýatynda birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň çäginde bäş müň çemesi býujet işgäriniň mejbury arassalyk işlerine çekilendigini habar berdipdi.

Şol bir wagtda, Türkmenbaşy şäherinde göz üçin bazarlary dürli harytlardan doldurmak çäreleri görülýär, ozal her kilogramy 600 manatdan satylýan bekre balygy bazar tekjelerinden ýitirim boldy, şeýdip Hazar ekologiýasyny kagyz ýüzünde, il gözüne goramak tabşyrygy berjaý edilýär diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bazarlary, şäher içlerini tertipleşdirmek işleri şindi hem dowam etdirilýär.

Şu aralykda Türkmenbaşy şäherine demirýol we uçar biletlerini satmagyň bes edilendigi hakynda hem maglumatlar gelip gowuşdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, häzir “Awazada” öňünden ýer-jaý almak mümkinçiligi hem çäklendirildi.

Neşiriň maglumatyna görä, Hazar forumynyň guramaçylary mejlise gatnaşanlaryň käbiriniň soňra galyp, bu ýerde birsellem dynç almak mümkinçiligini nazarda tutýar. Şu sebäpli awgustyň ahyryna çenli satyn alnan ýa-da öňünden bronlanan biletler, myhmanhana otaglary goýbolsun edildi, transport kompaniýalary biletlere harçlanan puluň öwezini dolmagy wada berdiler diýip, TH ýazýar.

“Awazadaky” myhmanhanalaryň Ykdysady forum wagtynda ýapyljakdygy hakynda “Turkmen.news” neşiri hem habar berdi.

Häzir “Awazada” prezident bilen bir hatarda beýleki hökümet agzalary,pudak ýolbaşçylary hem jemlendi we Berdimuhamedow hökümet maslahatyny jemlände, hasabat döwründe ýurtdaky jemi içerki önümiň möçberiniň artyp, 6,3 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýändigini aýdýarlar, syzyp çykan maglumatlar soňky on ýylda ýurtdan iki milliona golaý adamyň daşary ýurtlara ýaşamaga gidendigini görkezýär. Emma türkmen hökümeti we mediasy ýurtdaky problemalar hakynda anyk maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG