Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada we beýleki şäherlerde guralan protestlerden soň ýüzlerçe adam tussag edildi


Moskwanyň merkezindäki tussag etmeler. 10-njy awgust, 2019.
Moskwanyň merkezindäki tussag etmeler. 10-njy awgust, 2019.

Pitnä garşy polisiýa 10-njy awgustda merkezi Moskwada bolan protestlerden soň 250-den gowrak adamy tussag etdi diýip, garaşsyz gözegçiler aýdýar.

Resmileriň sentýabrda geçiriljek ýerli saýlawlara garaşsyz kandidatlaryň gatnaşmagyna ýol bermegini talap edip guralan demonstrasiýa onlarça müň adam goldaw bildirdi.

Birnäçe kilometr uzaklykda geçirilen ygtyýar berlen protestler jemlenenden soň, uly möçberde ýerleşdirilen polisiýa işgärleri Orsýetiň prezident adminstrasiýasynyň golaýyndaky ýerleri arassalamaga başlady, bir topar adamy tussag etdi.

Moskwa polisiýasy ýap-ýaňy, "merkezi Moskwadaky ygtyýar berlen demonstrasiýalar mahalynda dürli düzügn bozmalar sebäpli 136 adamy tussag edendigini" aýtdy.

Garaşsyz syýasy gözegçi bolan OVD-Info 10-njy awgust güni giçlik Moskwada tussag edilenleriň sanynyň 229 adama ýetendigini, S.Peterburgda 79, Don boýundaky Rostowada 13, Brýanskda -2, Stykwarda - 2 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Beýleki şäherlerde, şol sanda Ýekaterinburgda, Wladiwastokda, Krasnodarda hem kiçiräk “raýdaşlyk” ýygnanyşyklary geçirildi.

“Ak sanaýjy” garaşsyz gözegçilik toparynyň maglumatyna görä, ygtyýar berlen oppozisiýa ýygnanyşygy 50 müňden 60 müňe çenli adamy özüne çekdi, bu 2011-nji ýyldan bäri iň uly anti-hökümet demonstrasiýa bolup durýar.

Polisiýa proteste gatnaşanlaryň 20 müň çemesi bolandygyny aýdýar. Häkimiýetler Moskwanyň Saharow prospektinde ygtyýar berlen çäreden soň “parahat gezelençleriň” “kanuny jogapkärçiliginiň” boljakdygyny duýdurdy. Guramaçylar protestleriň merkeze has golaý ýerde geçirilmegine rugsat berilmegini islediler.

Mundan öňki iki protestde, Moskwada 27-nji iýulda we 3-nji awgustda geçirilen demonstrasiýalarda polisiýa 2 müň 300-den gowrak adamy tussag etdi we bu ýagdaý hukuk toparlarynyň, günbatar hökümetleriniň ýazgarmalaryna alyp geldi.

XS
SM
MD
LG