Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz welaýatyny iki gije-gündizläp duzly tupan gurşap aldy


Daşoguz welaýatyna gelen apy-tupan. Arhiwden alnan surat
Daşoguz welaýatyna gelen apy-tupan. Arhiwden alnan surat

8-9-njy awgustda Daşoguz welaýatyny duzly tupan gurşap aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy duzly tupanyň geçen ýyldaky ýaly güýçli bolmandygyny, ýöne onuň 2 gije-gündizläp dowam edendigini belledi.

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

“Geçen hepdäniň penşenbe we anna günleri Daşoguzda duz ýagdy. Bu Daşoguz welaýatynyň Aral deňzine golaý sebitlerinde boldy. Bu geçen ýyldan bäri Daşoguzda turan şuňa meňzeş duzly tupanlaryň azyndan onunjysydyr” diýip, habarçy 12-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Aral deňzinden gelýän duzly tupan Daşoguz şäherindäki, hatda Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplaryndaky ekin meýdanlaryna ýaramaz täsir ýetirip başlady.

Habarçy welaýatyň çäklerinde duzly tupanyň turjakdygy barada ýurt derejesindäki ýa-da ýerli metbugatda, şeýle-de edara-kärhanalarda, mekdeplerde ýa-da çagalar baglarynda bildiriş edilmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýurduň demirgazyk welaýatyna gelen duzly tupan we onuň döremeginiň sebäpleri barada Daşoguz welaýat häkimligi we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ilkinji gezek duzly tupan geçen ýylyň 27-nji maýynda döräpdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylary duzly apy-tupanyň 27-nji maý güni, gije sagat 2-ler töweregi ýüze çykandygyny habar beripdiler. Demirgazyk-günbatardan sekuntda 20 metr tizlik bilen öwsen ýel regiona duz we tozan garyndyly tupany getiripdi.

Şondan bir gün soň, has takygy Maý aýynyň 27-den 28-ne geçen gije bolsa, Aşgabady çal tozan gurşap aldy. Bu ýagdaý 28-nji maýda tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem onuň howada belli bir derejede saklanyp galýandygyny görse bolýardy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdiler.

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozanyň dörändigini, ýöne ozalky ýaly güýçli däldigini, 250 metr çemesi aralygy görse bolýandygyny, Azatlygyň ýerli çeşmesi gürrüň berdi.

8-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy duzly ýeliň welaýatyň Türkmenbaşy, Ruhybelent we Akdepe etraplarynda has güýçli duýulýandygyny habar beripdi.

Geçen ýylyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde turan bu duzly tupan ekin meýdanlaryna hem zyýan ýetiripdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi apy-tupanyň günbatar-demirgazykdan Aral deňzi tarapynda turýandygyny aýdyp, duzly tozan gurap barýan Aral deňzinden gelýär diýip, hasap edýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu duzly tozanyň gelip çykyşyna we onuň döremeginiň sebäplerine henize çenli resmi düşündiriş bermediler. Şeýle-de, bu tebigy ýagdaýlar barada türkmen metbugatynda hem habar berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG