Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Milli Gwardiýa güýçleri zenan protestçä ýumruk uran ofiseriň özüne degişli däldigini aýdýar


Moskwada egni formaly bir ofiseriň saklanan bir zenan protestçiniň garnyna ýumruk bilen urýanyny görkezýän wideo ýazgydan alnan surat

Orsýetiň Milli Gwardiýasy 10-njy awgustda Moskwada geçen demonstrasiýada egni formaly bir ofiseriň saklanan bir zenan protestçiniň garnyna ýumruk bilen urýanyny görkezýän wideo ýazgydan özüni çetde tutýar.

12-nji awgustda Moskwada ýerleşýän “Goworit Moskwa” radiostansiýasy Milli Gwardiýanyň bir beýannamasyna salgylanyp, “wideo ýazgydaky işgär Orsýetiň Milli Gwardiýa güýçlerine degişli däl” diýdi.

Beýannamada ofiserleriň kanun goraýjy güýçleriň haýsyna degişlidigi aýdylanok.

Internetde giňden ýaýran wideoda egni formaly iki adamyň ýaş zenan, Darýa Sosnowskaýany polisiýanyň ulagyna tarap alyp barýandygy görünýär.

Tutulan aýal köçede ýatan serdessäni depmäge synanyşýar, ofiserleriň biri hem ony aljak bolýar. Egni formaly ofiser aýalyň garnyna ýumruk bilen urup, serdessäni ýerden alýar-da, birnäçe sekunddan soňra aýly polisiýanyň maşynyna salýar.

11-nji awgustda hukuk kömek topary “Agoranyň” rus raýat hukuklary boýunça aklawçysy Pawel Çikow Sosnowskaýany uran ofiseriň kimdigini anyklamaga kömek edene 100 müň rubl baýrak berjekdigini aýtdy.

“Derňewiň şikese sebäp bolan adamyň kimdigini anyklamagy möhüm däl. Ol döwletiň bir wekili. Netije näme-de bolsa, rus döwleti töleg tölemeli bolar. Biz muny etdireris” diýip, Çikow aýtdy.

Protestçilere garşy hetden aşa güýç ulanandygy üçin, rus ofiserlerine köplenç temmi berlenok.

Polisiýa we beýleki howpsuzlyk güýçleri geçen aýda Moskwada parahatçylykly protestçilere ýowuz daramagy, şol sanda olary urup-ýençmegi sebäpli ýurduň içinde hem daşynda tankytlandy.

Adam hukuklarynyň ýagdaýyna synçylyk edýän garaşsyz topar “OWD-info” 10-njy awgustda tutuş Orsýetde 350-den agdyk adamyň tutulandygyny aýdýar. Bu protestlere saýlaw resmileriniň Moskwanyň şäher geňeşi saýlawlaryna oppozisiýanyň dalaşgärlerini hasaba almagy ret edenligi sebäp boldy.

Orsýetiň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgda 79, Don boýundaky Rostow şäherinde 13, Brýanskda iki, Syktywkarda hem iki adam tutuldy.

Polisiýa Moskwada 27-nji iýulda geçen protestde 1400 çemesi adamy, 3-nji awgustda hem müňden agdyk adamy tussag etdi.

Rus prezidenti Wladimir Putin Milli Gwardiýany terrorizme we guramaçylykly jenaýata garşy göreş üçin 2016-njy ýylyň aprel aýynda döretdi. Oňa ýolbaşçylyk edýän 2000-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli prezidentiň howpsuzlyk gullugyna ýolbaşçy bolan öňki demirçi Wiktor Zolotow.

Orsýetiň Milli Gwardiýasy Putiniň hut özüne hasabat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG