Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron bilen Putiniň gepleşiklerinde Ukrainanyň maslahat edilmegine garaşylýar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (sagda) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin iýunda Osakda geçirilen G-20 sammitinde duşuşýarlar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 19-njy awgustda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar. Çaklanmagyna görä, iki prezidentiň arasynda geçjek gepleşiklerde, üns merkezinde duran gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Moskwa tarapdan goldalylýan separatistler arasynda barýan konflikti jylawlamak baradaky gepleşikleri ilerletmek bolar.

2017-nji ýylda Putin bilen Parižiň golaýyndaky Wersal köşgünde gepleşik geçiren Makron bu gezek rus kärdeşini Bormes-les-Mimosas obasynyň golaýynda ýerleşýän Bregankon Fortdaky tomusky rezidensiýasynda kabul eder.

Iki prezidentiň Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dartgynlyklar we Siriýada barýan konflikt hakda hem pikir alşaryna garaşylýar.

Putin bilen Makronyň duşuşygyndan öň, üstümizdäki aýyň başlarynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Putini Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti togtatmaga kömek etmäge çagyrdy. Bu ýerde hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldalýan separatistler arasyndaky söweşde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 13 müňden agdyk adam öldi.

Ukrainanyň asudalyga gowuşmagynyň ýeke-täk ýoly diplomatiýa diýip nygtaýan Zelenskiý Normandiýa formatynyň çäginde tapgyrlaýyn geçirilmeli täze gepleşiklere çagyrdy. Urşuň bes edilmegine gönükdirilen bu formata Fransiýa, Germaniýa, Ukraina we Orsýet gatnaşýar.

“Prezident Zelenskiý teklipler etdi, biziň pikirimizçe, prezident Putin muňa ruhlandyryjy jogap bermeli” diýip, Fransiýanyň bir resmisi ady agzalmazlyk şerti bilen AFP habar gullugyna aýtdy.

Ol soňra hem Zelenskiniň aprelde prezidentlige saýlanmagy “bize çeýelik görkezmäge mümkinçilik berýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Kremliň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowyň aýtmagyna görä, Moskwa bilen Parižiň arasyndaky dialog soňky aýlarda “ýygjamlaşypdyr” we Putiniň Fransiýa sapary hem onuň Makron bilen bolan gatnaşyklarynyň “logiki dowamy” bolup durýar.

Makron iýun aýynda “sadalyk etmezden ýöne gapyny ýapmazdan esasy durnuksyzlaşdyryjy temalarda ýa konfliktde hyzmatdaşlygyň ähli formalaryny barlamak üçin” özüniň Putini kabul etmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym regionyny zor bilen özüne birikdiren Orsýet ondan az wagt soňra Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlaryndaky separatistleri goldap ugrady.

Minsk ylalaşygynyň çäginde – sentýabr 2014 we fewral 2015 şertnamalar – atyşyklary bes etmek üçin yglan edilen ýol çelgisi gündogar Ukrainadaky söweşleriň azalmagyna goşant goşsa-da, bu söweşleri togtadyp bilmedi.

Putiniň günorta Fransiýa sapary Makron bilen dünýäniň beýleki liderleriniň 24-26-njy awgustda Fransiýanyň günorta-günbatar şäheri Biarritzde geçjek Ýediler Toparynyň (G7) sammitinden birnäçe gün öňräk bolýar.

G7-ä bu ýyl Fransiýa prezidentlik edýär. Bu topara Fransiýadan başga-da, Britaniýa, Kanada, Italiýa, Ýaponiýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary girýär.

Orsýet ozal G8 diýilýäniň bir bölegidi, ýöne ol Krymy basyp alanyndan soňra bu topardan çykaryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG