Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary syýahatçylyk zerarly harytlaryň dowamly gymmatlamagyndan zeýrenýar


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary azyk harytlarynyň yzygiderli gymmatlamagyndan şikaýat edýärler. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň biri harytlaryň gymmatlamagyna sebitde Awaza syýahatçylyk zolagynyň ýerleşmeginiň täsir ýetirýändigini aýdýar.

“Bu syýahatçylyk zolagy gurlup ulanylmaga berleni bäri, hususan-da, syýahatçylyk möwsüminde Türkmenbaşy şäherindäki bazardyr dükanlarda azyk harytlary dowamly gymmatlaýar. Şu ýyl tomus ýene şol ýagdaý gaýtalandy. Bu ýagdaý adamlaryň maşgala býujetine uly zyýan ýetirip başlady. Adaty býujet işgärleriniň aýlyklary häzirki bahalara gabat gelmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan balkanly habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti Awaza syýahatçylyk zolagynda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan myhmanhanalaryň ençemesini gurdy. Adatça iýun-sentýabr aýlary ýurt raýatlarynyň Awaza syýahatçylyk zolagyna iň köp dynç almaga barýan aýlary hasaplanýar.

Habarçy şu aýlarda bazarlardaky we dükanlardaky nyrhlara hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigini aýdyp, söwdegärleriň azyk harytlaryna özleriçe baha kesýändigini belledi.

“Söwdegärler syýahatçylaryň puly köp ýa-da näçeden bolsa-da satyn alarlar diýip, harytlaryň bahasyny yzygiderli gymmatladýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol ýakynda Aşgabada sapar edende azyk harytlaryň nyrhlaryny öwrenendigini aýdyp, Türkmenbaşydaky bahalaryň paýtagtdakydan hem ýokarydygyny belledi. Habarçy azyk harytlarynyň käbiriniň Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky bahalaryny deňeşdirdi:

  • 1 kilogram kartoşka – Aşgabatda 8-9 manat, Türkmenbaşyda 15 manat
  • 1 kilogram alma – Aşgabatda 6 manat, Türkmenbaşyda 25-35 manat
  • 1 kilogram üzüm – Aşgabatda 5 manat, Türkmenbaşyda 17 manat
  • 1 gawun – Aşgabatda 25 manat, Türkmenbaşyda 30 manat
  • 1 kilogram bekre balygy – Aşgabatda 100 manat, Türkmenbaşyda 650 manat

Şeýle-de, habarçy Türkmenbaşynyň bazarlaryndaky käbir beýleki azyk harytlarynyň bahalary barada hem maglumat berip, 1 kilogram käşiriň 15 manada, 1 çöregiň azyndan 5 manada, 1 kilogram noýbanyň 30 manada, 1 kilogram gara balygyň 100 manada barabardygyny aýtdy.

“Deňziň gyrasynda ýaşap, deňiz önümlerini dadyp görmedik maşgalalar bar. Häzirki wagt Awaza syýahatçylyk zolagynda 10 gün dynç aljak diňe bir adamyň çykdajysy 20 müň manada barabar bolýar. Onsoň harytlaryň gymmat bolmagy bu ýere gelýän syýahatçylara o diýen täsir ýetirmeýär, diňe ýerli ýaşaýjylary köseýär” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň paýtagtda hem dowam edýändigini aýdyp, käbir önümleriň öňki we häzirki bahalary barada maglumat berdi.

“1 kilogram soganyň bahasy 2,5 manatdan 3,5 manada ýokarlandy. 1 kilogram käşir 3,5 manatdan 5 manada ýetdi. Hyýaryň 1 kilogramy 4,5 manatdan 7 manada gymmatlady. 1 kilogram pomidor 3,5 manatdan 6 manada ýokarlandy” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji awgustda gürrüň beripdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy barada şu ýylyň başyndan bäri yzygiderli habar berýär.

15-nji awgustda paýtagtda azyk önümleriniň ençemesiniň gymmatlandygy, munuň bilen bir wagtda döwlet dükanlarynda ýumurtganyň, käşiriň, käbir welaýatlarda towuk budunyň satuwdan aýrylandygy mälim boldy.

Mundan öň, iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet-edara kärhanalarynda aýlyklaryň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýokarlandyrylmagy barada permana gol çekenden soň, ýurduň bazarlarynda harytlaryň bahalary ýene-de gymmatlapdy.

Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar her ýyl adatça 10% ýokarlandyrylsa, azyk harytlarynyň bahalary azyndan 100% gymmatlaýar.

Hökümet resmileri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG