Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda nobatlar saklanýar, hususy dükanlary ýapylýar


Aşgabadyň döwlet dükanynyň öňündäki nobat, iýun, 2019

Türkmenistanyň paýtagtynda azyk önümleriniň uly nobatlary saklanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda uly nobatlaryň döremeginiň fonunda hususy dükanlar ýapylýar.

Şu günler iň uly nobatlar esasan şeker we tüwi satylan wagtynda döreýär.

Aşgabadyň azyk dükany, iýun. 2019
Aşgabadyň azyk dükany, iýun. 2019

- Tutuş Aşgabatda döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar saklanýar. Köp dükanlar howly tarapyndan, binanyň yzky tarapynda ýerleşýän gapylardan haryt satýar, nobatlar köçeden görünmez ýaly. Nobatlar esasan tüwiniň we şekeriň üstünde döreýär. Şekere bolan islegler esasan konserwa taýýarlamak möwsümi sebäpli güýçlendi. Şekeri bir adama 1 kilogramdan berýärler, bahasy 7-8 manat töwereginde. Hususyýetçilerde şeker 15-16 we ondan has ýokary bahadan satylýar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 18-nji iýunda aýtdy.

Aşgabadyň döwlet dükanlaryndaky uly nobatlardan daşary azyk önümleri çäklendirilip satylýar. Şekeri bir adama 1 kilogramdan, tüwini 3 kilogramdan berýärler.

​Azatlyk Radiosyna soňky günlerde Aşgabadyň döwlet dükanlarynda edilen wideo ýazgylaryň ençemesi elýeterli boldy. Wideolarda azyk dükanlaryň daşynda onlarça adamyň öz nobatyna garaşyp, sabyrly durandygyny, dükanlaryň içinde bolsa nobaty ýeten adamlaryň arasynda aljyraňňylyk döreýändigini, kimsi ýalbaryp, kimsiniň nägilelik bildirýändigini görmek mümkin. Söwdegärler bolsa çalasynlyk bilen işleýärler, her alyja kiçeňräk bir haltajyklara salnan şekeri berip, puluny alýarlar.

Biz öz habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen wideolary çap etmekden saklanýarys.

Türkmenistanyň paýtagtynda käbir azyk önümleriniň gytalan wagtynda, köp islege eýe bolan harytlaryň gapdalyndan alyjylara geçmeýän harytlary, şol sanda möhleti öten azyk önümlerini goşup satmak tejribesi giňden ulanylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýaňy-ýakynda habar bermegine görä, Aşgabadyň käbir azyk dükanlarynda alyjylardan şeker bilen bilelikde margarin satyn almak talap edilýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda tüwi we şeker gytçylygy maý aýynyň aýagynda güýçlenipdi. Döwlet dükanlarynda we bazarlardaky söwda nokatlarynda azyk önümleriniň satylyp başlanmagynyň ençeme sagat öňünden uly nobatlar döredi.

Döwlet dükanlarynda satylýan azyk önümleriniň bahasy bazardakysyndan esli arzan. Hususan-da, 8 manatlyk şol bir şeker bazarda 12 manada, 7 manatlyk tüwi 20 manada satylýar.

Emma bazarlardaky nyrhlar hem häkimiýet tarapyndan kesgitlenýär. Häzirki wagtda paýtagtyň bazarlarynda azyk önümleriniň resmi taýdan kesgitlenen nyrhlaryny görkezýän bildirişler ýerleşdirilýär. Nyrhnamalarda bahalar hakyky bahalardan has arzan görkezilýär.

Aşgabadyň bazarlarynda satylýan önümleriň resmi taýdan kesgitlenen nyrhlary, iýun, 2019
Aşgabadyň bazarlarynda satylýan önümleriň resmi taýdan kesgitlenen nyrhlary, iýun, 2019

Türkmenistanyň ilaty esasy azyk önümleriniň agyr ýetmezçiligi bilen iki ýyldan gowrak wagt bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär. 2017-nji ýylyň güýzünden bäri ýurtda un we çörek gytçylygy dowam edýär. Şeýle-de pagta ýagy, tüwi, şeker we towuk ýumurtgasy ýaly önümler ýygy-ýygydan satuwdan aýrylýar, satylan wagtynda nobatlar döreýär.

Döwlet dükanlarynda azyk ilata çäklendirilip satylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabatda hususy söwda nokatlary ýapylýar. Olaryň arasynda hem azyk, hem-de senagat harytlaryny satýan söwda nokatlary bar.

- Parahat 2/2 etrapçasynyň №17 jaýynyň ýerzeminindäki mebel satýan dükany ýapdylar. Onuň girelgesi Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapyndan däl-de, eýsem protokol köçesi hasaplanmaýan 10 ýyl Abadançylyk köçesinde ýerleşýärdi. Bu dükan alyjylar tarapyndan halanýardy. Indi bu telekeçiniň işi ýatdy - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG