Eýran 6-njy sentýabra çenli täze şertler teklip edilmän halatynda, Tähran 2015-nji ýylda dünýäniň güýçli döwletleri bilen baglaşylan ýadro geleşiginden çetleşmek üçin “berk ädim äder” diýip, Ýewropa döwletlerine duýduryş berdi.
Ýurduň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 2-nji sentýabrda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Moskwada duşuşmazdan öň, hökümetiň resmi habar gullugy IRNA hökümet sözçüsi Ali Rabiýä salgylanyp, “köp meselelerde garaýyş nokatlary biri-birine ýakynlaşdy, indi ýewropalylaryň [ýadro ylalaşygynda] üstlerine alan borçlaryny amala aşyrmagyň ýollary hakda tehniki gepleşikler barýar" diýdi.
Ol soňra hem prezident Hassan Rohani bilen onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makronyň arasynda geçen telefon gepleşiginden soňra, Eýran bilen Fransiýanyň garaýyşlary biri-birine ýakynlaşan hem bolsa, Ýewropa döwletleri 6-njy sentýabra çenli täze şertleri teklip etmese, Tähran ylalaşykdan çetleşmek üçin “berk ädim äder” diýip, sözüniň üstüne goşdy. 6-njy sentýabr Eýranyň ýadro borçnamalaryny mundan beýläk-de çäklendirmek üçin bellenen senesidir.
Eýran-Orsýet ykdysady komissiýanyň başlygy hökmünde Eýranyň energiýa ministri Reza Ardakaniýany-da öz içine alýan delegasiýa ýolbaşçylyk edýän Zarif rus kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar, regional meseleler, şol sanda Siriýa we Owganystan, şeýle hem 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy bilen bagly soňky hadysalar hakda pikir alyşjakdygyny aýtdy.
“Rus hökümeti kyn döwürlerde Eýran yslam respublikasynyň ýanynda durdy, biz kyn döwürde bizi goldan dostlarymyz bilen başgaça iş salyşarys” diýip, Zarif 2-nji sentýabrda Moskwada žurnalistlere aýtdy.
Beýleki temalar Siriýa, Owganystan, Ýemen, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak barada bolar diýlip çaklanýar.
2015-nji ýylda baglaşylan geleşikde galan bäş döwletiň biri bolan Orsýet Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlykda taraplary köşeşmäge çagyrdy. Ylalaşykda Tähran öz garşysyna girizilen sanksiýalaryň ýeňledilmeginiň deregine ýadro işjeňliklerini jylawlamagy boýun aldy.
Amerikan prezidenti Donald Tramp ylalaşykdan çekilensoň çökeriji sanksiýalary girizip, Eýranyň düşewüntli nebit senagatyny we maliýe sektoryny nyşana aldy. Ol şeýle hem gämi gatnawyny howpsuzlandyrmak üçin Eýranyň golaýyndaky suwlara halkara deňiz patrulyny ibermek hakda çagyryş etdi.
Soňky wagtlarda halkara gämilerine edilen hüjümler, munda hem Birleşen Ştatlaryň Eýrany aýyplamagy, bir britan tankerniň tutulyp saklanmagy regionyň global deňizçilik senagaty üçin o diýen howpsuz däldigini görkezdi.
2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy barada geçen gepleşiklere Eýran tarapdan gatnaşan topara Zarif ýolbaşçylyk edipdi.
Eýran ylalaşykda öz üstüne alan borçlarynyň käbirini çäklendirip başlady. Tähran ylalaşykdan ykdysady taýdan peýdalanar ýaly oňa ygrarly galan beýleki döwletleri, ýagny Britaniýany, Fransiýany, Germaniýany, Orsýeti we Hytaýy Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryndan sowlup geçmek üçin kömege çagyrdy.
Tramp ylalaşykdan çekilýändigini yglan edeninde, onuň şertleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni bökdärlik derejede berk däl, onda Tähranyň raketa programmasy ýa Tähranyň regiondaky jeňçi toparlary goldaýandygy agzalmaýar diýdi.
Eýran özüniň pitneçi işjeňlikleri goldaýandygyny inkär edip, ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly energiýa niýetlenilendigini aýdýar.
Bu aralykda, geleşige gol çekişen ýewropalylar ylalaşygy halas etmek ugrunda tagalla edýärler. Aýratyn-da, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron dialoga täzeden başlamagyň ýollaryny agtaryp, krizisi ýatyrmaga synanyşýar.
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny halas etmek üçin edilen teklipler hakda pikir alyşmak maksady bilen 2-nji sentýabrda Fransiýa sapar edýär.
Lawrow bilen Zarif soňky gezek Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýanyň ýeňilmegi mynasybetli maý aýynda Orsýetde geçirilen dabarada duşuşypdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.