Gazak polisiýasy birnäçe şäherde, şol sanda paýtagt Nur-Soltanda, Almatyda onlarça adamy tussag edip, oppozisiýa ýygnanyşyklarynyň öňüni aldy.
Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda planlaşdyrylan ygtyýar berilmedik ýygnanyşygyň öňüni almak üçin paýtagt Nur-Soltana we Almaty şäherine uly möçberde polisiýa işgärleri çykaryldy.
Iki şäherde hem adamlar toplanyp başlady we polisiýa çalasyn hereket edip, olary dargatdy we tussag etdi.
Gazagystanyň IIM-niň maglumatyna görä, Almatyda we Nur-Soltanda 57 adam tussag astyna alyndy. Olara ygtyýar berilmedik çärä gatnaşandygy üçin kanun esasynda jeza berilmegine garaşylýar.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Şymkent şäherinde polisiýa azyndan 20 adamy alyp gitdi.
Almatyda Astana meýdançasynyň gapdalynda, pyýadalar üçin Panfilow köçesinde onlarça adam tussag edildi.
Polisiýa işgärleri olary zor bilen ýerinden gozganyp ugran awoulaglara mündürdiler. Tussag edilenleriň arasynda ýaşy bir çene baran aýallar hem bar. Olar bu meýdança “ýöne, şeýle” gelendiklerini aýdýarlar.
Tussag etmelere polisiýanyň ýörite bölümleriniň wekilleri gatnaşýar.
Häkimligiň we prokuraturanyň işgärleri tussag etmelerden öň ýygnananlara “ýygnanyşygyň bikanundygyny” aýdyp duýduryş berdiler we adamlaryň “derrew dargamagyny” talap etdiler.
Astana meýdançasynda we onuň töweregindäki raýonlarda onlarça polisiýa işgäri 21-nji sentýabr güni irden başlap nobatçylyk çekýär. Bu ýerlere polisiýanyň awtobuslary we kiçi awtobuslary hem getirilip goýuldy.
Bu meýdança we onuň töwerekleri “Gazagystanyň Demokratik seçgisiniň”, ýurtda gadagan edilen we sud tarapyndan “ekstremist gurama” diýlip atlandyrylanhereketiň hökümete garşy miting guramak üçin görkezen ýeri bolup durýar.
Tussag etmeler paýtagt Nur-Soltanda we Şymkent şäherinde, GDS-niň protest meýdançalary diýip bellän ýerlerinde hem alnyp barylýar. Häzire çenli onlarça adam tussag edildi.
Gazagystanyň şäherlerinde 21-ni sentýabra planlaşdyrylan mitinglerden öň häkimiýetler howpsuzlyk çärelerini ýokarlandyrdylar we ýygnanyşyk geçirilmekçi bolýan ýerlere barýan ýollary bekläp, hereketi çäklendirdiler.
Hepdäniň başyndan bäri Gazagystandaöňki we ondan öňki hepdelerde Hytaý bilen bilelikde durmuşa geçiriljek senagat we infrastruktura taslamalaryna ýol bermezlige, hukuk goraýjylar tarapyndan syýasy tussaglaryň sanawyna girizilen bendileriň azat edilmegine çagyrýan protest çärelerine gatnaşan 150-den gowrak adama adminstratiw çäre görüldi.
Gazagystanyň Baş prokuraturasy 21-nji sentýabryň öň ýanyndan raýatlary özüniň “bikanun” diýip atlandyran ýygnanyşyklaryna, “Gazagystanyň Demokratik seçgi” hereketi tarapyndan 21-nji sentýabrda geçirilmekçi bolýan protest çärelerine gatnaşmazlyga çagyrdy.
Baş prokuroryň orunbasary Berik Asylowyň 20-nji sentýabrda döwlet mediasynda çap edilen beýanatynda merkezi aziýa ýurdunyň raýatlaryna kanuny berjaý ediji güýçleriň “bikanun ýygnanyşyklaryň öňüni almak üçin berk çäreleri görjekdigi”, olara gatnaşanlaryň adminstratiw we jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy barada duýduryş berilýär.
Ozalky bankir we gazak režiminiň berk tankytçysy bolan Muhtar Abliýazow tarapyndan döredilen GDS-nyň ähli aksiýalary häkimiýetler tarapyndan “bikanun” diýlip atlandyrylýar.
"Ýykgynçylykly güýçler... sosial we etniki bidüzgünçilige meçew bermek bilen sosial howpsuzlyga wehim salýar. Baş prokuraturanyň edarasy raýatlary kanunlary berk berjaý etmäge, prowokasiýalardan gaça durmaga hem-de biziň ýurdumyzyň çäginde gadagan edilen guramalaryň hereketlerine we işjeňliklerine goşulmazlyga çagyrýar” diýip, beýanatda aýdylýar.
Protest çäreleri GDS tarapyndan gurnaldy, onuň lideri Muhtar Abliýzow Fransiýada bosgunlykda ýaşaýar. Ol Gazagsytan, Orsýet we Ukraina tarapyndan 5 milliard dollar çemesi serişdäni bikanun ele geçirmekde güman edilýär.
Gazak sudy geçen ýyl Abliýazowy gaýybana ömürlik tussaglyga höküm etdi. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy sebäplidigini öňe sürýär.