Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň halkara aeroportynda döreýän tehniki näsazlyklar ýolagçylary bökdeýär


Illýustrasiýa suraty.

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýahatçylygy ösdürmegi talap etdi. Bu talabyň fonunda, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Aşgabadyň halkara aeroportunda ýolagçylara berilýän hyzmatyň hili barada habar berýär.

Şeýle-de, habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme ýolagçy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň halkara gatnawlara hödürleýän biletleriniň resmi bahasyndan has gymmada satylmagyndan nägile bolýar. Onuň sözlerine görä, gullugyň işgärleri halkara gatnawlara satylýan biletler üçin goşmaça töleg talap edýär.

“Meselem, [Türkmenhowaýollarynda] Aşgabat-Moskwa-Aşgabat uçar gatnaw peteginiň resmi bahasy 3200 manat. Ýöne tomsuň ortalarynda muňa degişli goşmaça tölegiň möçberi diňe bir tarap üçin 1200 manada çenli çykdy” diýip, habarçy aýdýar.

Onda bar bolan maglumatlara görä, ýolagçylardan bilet üçin soralýan goşmaça töleg sebäpli, tomsuň iň gyzgalaňly möwsüminde-de Moskwa gatnaýan uçarlarda boş orun köp boldy.

“Mysal üçin, Moskwa-Aşgabat aralygyna gatnaýan 704 gatnawly uçarda 10-njy sentýabrda 17 boş orun bardy” diýip, habarçy aýtdy.

2017-nji ýylyň martynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ady “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip üýtgedildi, hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Oňa “Türkmenhowaýollary” gullugy esaslyk maýadaky paýy 70 göterim, Aşgabadyň Halkara aeroporty 27 göterim hem-de Howa gatnawlarynyň Baş gullugy 3 göterim möçberde gatnaşdyryldy.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Aşgabadyň 2016-njy ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berlen bahasy 2.3 milliard dollarlyk aeroportunda çykýan tehniki näsazlyklar ýolagçylary bökdeýär.

“Aeroportda Migrasiýa gullugynyň pasport barlagyndan geçmezden ozal, özbaşdak registrasiýa üçin üç dilde ýörite awtomat maşynlar goýlan. Oňa pasportyňy goýmaly, barýan ýurduň we näme maksat bilen barýandygyň barada soraglara jogap bermeli, reýs nomeriňi hem-de yza dolanyp geljek wagtyňy görkezmeli, ýüzüňi görkezip kimlik barlagyndan geçmeli. Soňra pasport barlagyndan geçmeli, ol ýerde-de barmak yzy bilen kimlik barlagyndan geçmek talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ýolagçylar soňky wagtlarda bu proseduranyň haýallygyndan şikaýat edýärler.

“Awtomat maşynlaryň belli bir bölegi hatardan çykypdyr, beýlekileri barlagdan geçen wagtyň doňýar we kadaly işlänok” diýip, habarçy aýtdy.

“Läheň aeroport boş dur, uçar gatnawlary örän az” diýip, habarçy sözüne dowam edýär.

“Polimeks” türk kompaniýasynyň Aşgabatda laçyn guşuň şekilinde bina eden aeroporty, kompaniýanyň resmi websaýtyna görä, ýylda 14 million ýolagçy gatnatmaga niýetlenen.


Ýöne Azatlygyň habarçysy howa menzilinde uçar gatnawlarynyň azdygyny tassyklap, aeroportda ýolagçy goşlaryny geçirýän üç transportýoryň diňe ikisiniň işledilýändigini, olaryň-da başly-baratly işledilýändigini aýdýar.

“11-nji sentýabrda 1 belgili transportýordan “Türkhowaýollarynyň” goşlarynyň beriljekdigi ýazyldy, ýöne Moskwadan gelen uçaryň goşlary iberildi. 3 belgili transportýordan Moskwadan gelen uçaryň goşlary berilmelidi, ýöne ondan türk uçarynyň goşlary berildi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Halkara aeroportunda bulardan başga-da, ýük arabalarynyň ýetmezçiligi, gümrükçileriň ýolagçylaryň goşlaryny açdyryp, elliksiz barlamagy ýaly problemalar saklanyp galýar.

Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, milliardlarça maliýe serişdesi harçlanan Oguzhan adyndaky halkara aeroportda ýolagçylaryň uçardan göni aeroportyň binasyna, şeýle-de yzyna, ýagny aeroportdan göni uçara geçmegine mümkinçilik döredýän “ykjam koridorlar” kadaly işlemeýär.

“26-njy awgust – 11-nji sentýabr aralygynda ýolagçylary uçardan aeroportuň binasyna awtobusly geçirdiler” diýip, habarçy aýtdy.

“27-nji awgustda Minskden gelen uçara ykjam koridor-da bermediler, awtobus-da bermediler, adamlar uçardan düşüp, pyýadalap aeroportyň binasyna girdiler” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlary Aşgabadyň halkara aeroportunyň administrasiýasyna tassyklatmak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG