Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň ýezeminlerinde suw ýygnanýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýerzeminlerdäki suw zerarly ýaşaýyş jaýlarda we olaryň töwereginde ýakymsyz ys döräpdir, mör-möjekler köpelipdir, üstesine elektrik simleriň sandan çykmak howpy ýüze çykypdyr.
"Şäheriň merkezindäki köp öýli ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde, şol sanda Alişer Nawoýy we Kemine köçeleriniň ugrunda ýerleşýän binalarda turbalardan suw akýar we ýerzeminlere suw ýygnanýar. Porsy ysdan ýaňa dem alar ýaly däl. Bu Aşgabadyň tas merkezi köçeleridir" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 30-njy sentýabrda habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we diňleýjileriniň aýtmagyna görä, suw geçiriji turbalaryň sandan çykmagy we ýerzeminlerde suwuň ýygnanmagy ýaly ýagdaý şu günler Aşgabadyň merkezi bölekleriniň birnäçesinde, şol sanda Oguzhan, Nurmuhammet Andalyp köçelerinde we Parahat-3, Parahat-5, Parahat-6 we Howdan etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarda duş gelýär.
"Kanalizasiýanyň hapalary göni ýerzeminlere akyp barýar. Ýaşaýjylar binýadyň çöken ýerleriniň bardygyny aýdýarlar. Bu etraplaryň merkezde ýerleşýändigi sebäpli, bu ýagdaýdan häkimiň özi habarly edilipdir, emma bejeriş üçin pul ýok" diýip, habarçylarymyzyň biri aýdýar.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimliginiň özünden resmi maglumat alyp bilmedi.
Şol bir wagtyň özünde-de, habarçylarymyzyň sözlerine görä ýerzeminlerini suw basan jaýlaryň ýaşaýjylary bu ýagdaý sebäpli elektrik simleriň sandan çykmagyndan we hatda ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyndan howatyrlanýarlar.
Üstesine, ýaşaýjylar ýerzeminlerde ýygnanan suw sebäpli ýakymsyz ysdan we mör-möjekleriň köpelmeginden ejir çekýärler.
"Baýramçylygyň öňýany bu jaýlaryň ýüz tarapyny reňklediler, emma olaryň golaýyndan porsy ysyň derdinden geçer ýaly däl. Ýaşaýjylar siňekden şikaýat edýärler. Bejeriş işgärleri çagyrylanda, olar kanalizasiýany doly çalyşmalydygyny aýdýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerindäki çyglyk sebäpli soňky aýlarda ýerli ýaşaýjylar mör-möjekleriň we gemrijileriň öň görlüp-eşidilmedik möçberde köpelmegine şaýat boldular.
Şu ýylyň tomsunda Howdan-B etrapçasynyň ýaşaýjylary büreleriň köpelmegine sezewar boldular. Şol bir wagtda-da 11-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary syçanlaryň öň görlüp eşidilmedik möçberde köpelmegine şaýat boldular.
Şeýle-de, Aşgabatda şu ýyl paýtagtda bolan güýçli ýagynlar hem binalaryň ýerzeminleriniň suwdan dolmagyna getiripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.