Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň 'finskiý' jaýlarynyň ýaşaýjylary büreden ejir çekýär


Aşgabadyň 'finskiý' diýlip atlandyrylýan jaýlary (arhiw suraty)

Aşgabadyň Kemine we Hoja Annadurdyýew köçelerinde ýerleşýän köp öýli ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylary büreleriň köplüginden ejir çekýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

"Kemine we Hoja Annadurdyýew köçelerinde​ ýerleşýän finskiý diýilýän köne köp öýli jaýlaryň ýaşaýjylary büreleriň epidemiýasyndan ejir çekýärler. Aşgabadyň sanepidemstansiýasy ýaşaýjylaryň arassalaýyş işlerini geçirmek barada edýän ýüzlenmelerine hiç hili reaksiýa bermeýär. Adamlar örän ejir çekýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 5-nji sentýabrda habar berdi.

Aşgabadyň bu köne iki gatly jaýlary iki girelgeli binalar bolup, olar geçen asyryň ortalarynda gurlupdy.

Häzirki wagtda bu jaýlaryň daşky boýagy owranyp, reňki öçüpdir, agaçdan ýasalan bölekleri we bezegleri könelişip görküni ýetiripdir. Azatlyk Radiosyna ýerli ýaşaýjylar tarapyndan berlen wideo ýazgylarda bu jaýlaryň uzak wagtlap bejerilmändigini görmek mümkin. Binalaryň ýerzeminleri büreden doly.

"Ol ýerde ýerzeminlere barsaň mör-mojeklerden doludygyny görmek mümkin. Olar bolsa keselçiligi ýaýradýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, büreleriň köplüginden ejir çekýän ýaşaýjylaryň kömek sorap, Aşgabatda arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän bu döwlet edarasyna eden ýüzlenmeleri oňyn netije bermändir.

"Olar ençeme gezek sanepidemstansiýasyna ýüz tutdular, emma olar hojalyk hasaplaşygyna geçendigi sebäpli, ýaşaýjylardan belli bir mukdarda pul toplamagy talap edýärler. Emma bu köne jaýlar bolup, ol ýerde esasan gurply bolmadyk adamlar ýaşaýarlar we olar guramalaşdyryp, pul toplap bilmeýärler. Üstesine, häzir adamlarda eklenmek üçin hem pul ýok. Büreler bolsa köpelýär, ýagdaý agyrlaşýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Mundan öň Türkmenistanyň paýtagtynda büreleriň köpelendigi tomsuň başynda mälim bolupdy.

Büreler Aşgabadyň Howdan-B etrapçasynyň ýaşaýjylaryny bimaza edipdi.

Bu barada habar beren Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde dörän büreler şeýle bir köp bolup, hatda ýaşaýjylar tarapyndan çagyrylan arassaçylyga gözegçilik edýän döwlet edarasynyň işgärleri hem olary görüp yza çekilipdir we arassaçylyk işlerini geçirmekden ýüz öwrüp, tölegli hyzmat edýän gulluklara ýüz tutmagy maslahat beripdir.

Şonda Aşgabatda arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän bu döwlet edarasynda Azatlyk Radiosy bilen gepleşmekden saklandylar. Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda büreleriň köpelmegi bilen bagly dörän häzirki ýagdaý, şeýle-de mör-möjeklere garşy işleriň geçirilmegine degişli düzgünler barada bu edaradan maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan asudalygyny üpjün edýän Aşgabadyň şäher sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň täze binalary, döwrebap serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýa bölümleri bar. Bu zatlaryň halkara standartlaryna gabat gelýändigi resmi maglumatda habar berilýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda mör-möjeklere garşy göreşe şu ýylyň bahar aýlarynda döwlet derejesinde üns berlipdi. 23-nji maýda türkmen prezidenti mör-möjeklere garşy gyssagly çäreleri talap edipdi. Muňa Aşgabatda öň görlüp-eşidilmedik möçberde mör-möjekleriň, şol sanda kebelekleriň, agaç bitiniň we sakyrtgalaryň köpelmegi sebäp bolupdy.

Tomsuň öňýanynda Aşgabatda mör-möjekleriň köpelmegi sil-ýagynlardan soň binalaryň ýerzeminlerinde suwuň ýygnanmagy, çyg basmagy bilen baglanyşdyrylypdy.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG