Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eureporter: Türkmenistan ykdysadyýetini halas etmek üçin sypaldan ýapyşýana meňzeýär


1-nji oktýabrda aglap toba edýänleriň köplügi gelnalyjy kerweninde maşyn sürüp, gyzy çyrada geçip, köçe hereketini bozanlar boldy.
1-nji oktýabrda aglap toba edýänleriň köplügi gelnalyjy kerweninde maşyn sürüp, gyzy çyrada geçip, köçe hereketini bozanlar boldy.

Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew 13-nji sentýabrdan bäri geçen gysga wagt içinde jemgyýetde “parahorluga garşy aýgytly göreş alnyp barylýandygyny” ikinji gezek aýtdy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa bu ynandyrmalaryň üstüni ýetirip, ýene bir gezek parahorluga we korrupsiýa garşy berk göreşmegi wada berdi.

13-nji sentýabrda türkmen telewideniýesi öňki söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowyň we beýlekileriň aglap toba edişini görkezipdi. 1-nji oktýabrda aglap toba edýänleriň köplügi gelnalyjy kerweninde maşyn sürüp, gyzy çyrada geçip, köçe hereketini bozanlar boldy, soň ýol gözegçiligi polisiýasynyň para alandygy aýdylýan işgärleri indi gaýdyp beýle iş etmejekdigine ynandyrmaga çalyşdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Azatlyk “haj parahorlugy” we ýol gözegçileriniň sürüjileri para bermäge mejbur edişi barada bu wakalardan öň ençeme gepleşik berdi.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedow Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary bilen baglylykda aprel, maý aýlarynda başlanan korrupsiýa galmagalyndan bäri, ýerli synçylaryň pikiriçe, näme etjegini bilmeýäne meňzeýär.

Şonda, ýagny 2017-nji ýylyň maýynda wise-premýer Batyr Ereşowyň özüni heläkländigi, baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň türmä basylandygy barada tassyklanmadyk we resmi taýdan inkär edilmedik maglumatlar çykdy. Emma Hallyýew wezipesinden aýrylsa-da, içeri işler ministri Isgender Mulikow şu wagta çenli saklanmagy başardy.

Şu aralykda Berdimuhamedow, synçylaryň pikirine görä, korrupsiýa garşy berk durjagyny her näçe gaýtalasa-da, ilki birbada güýçlenen ýaly görnen "paş etmeleri" Ykdysady jenaýatlara garşy göreş guramasyny Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryna geçirmek, onuň başlygy Mämmethan Çakyýewi wise-premýerlige çenli ösdürmek bilen, öz başlan göreşini jylawlap saklana meňzedi.

Indi ol, iki ýyl ozal hem wada berşi ýaly, korrupsiýa garşy kanunçylygy güýçlendirmegi, Baş prokuraturany giňeltmegi wada berýär.

Eureporter neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistandaky tutda-baslyklaryň ýygjamlaşmagy ykdysady krizisiň çuňlaşmagy, kyn ýagdaýa düşen ykdysadyýetini dikeltmek üçin daşardan maýa tapmaýan režimiň aljyramagy bilen bagly. Neşir bu ýagdaýy sypaldan ýapyşmaga synanyşyk hökmünde häsiýetlendirýär.

Ýerli synçylar bolsa, Berdimuhamedowyň korrupsiýa garşy göreşiniň “möçberleriniň” örän kiçelýändigine, onuň iri korrupsionerlerden "çeke durýandygyna” ünsi çekýärler.


Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, köçe hereketini bozanlara, köçede para alýan polisiýa işgärlerine garşy göreşem gerek, ýöne “korrupsiýa garşy düýpli göreşiljek bolsa, mundan beterräk ýagdaýalar bar, Berdimuhamedow bu göreşe ilki öz töwereginden başlamaly”.

Gyzyl çyrada geçene jerime salanyň bilen... möçberi gaty kiçi diýjek bolýaryn. ...korrupsiýa garşy hereket etjek bolsalar, düýpli, başga ýerden gözlemeli ony. Nireden gözlemelidiginem Berdimuhamedow gowy bilýärmikä diýýärin, bilmeýän bolsa, ilki bilen öz daş-töwereginden başlamaly” diýip Hanamow Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, bu Saparmyrat Nyýazow döwründen gelýän syýasatyň dowamy bolup durýar: “Sebäbi hiç zat üýtgemedi, ýagdaý kynlaşanda, adamlary oýnamak üçin, korrupsiýa garşy göreşen bolýarlar” diýip, Orazow aýtdy.

Ol Azatlygyň "bu çäreler ýurtda belli bir derejede ýagdaýyň ýütgemegine täsir edermi?" diýip beren soragyna “ýok” diýip jogap berdi.

Eger-de Berdimuhamedowyň režimi dursa, Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda häzirki topar dursa, hiç zat üýtgemez, halkyň ýagdaýam, ýurduň ýagdaýam gowulaşmaz” diýip, Orazow Şwesiýadan telefon arkaly beren gürrüňinden aýtdy.

Türkmenistan halkara korrupsiýa görkezijerinden hemişe yzdaky orunlarda gelýär, soňky döwürde bolsa metbugat azatlygy boýunça Demirgazyk Koreýadan hem yzdaky orna düşdi.

XS
SM
MD
LG