Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Käbir türkmenabatly ýaşlar pökgä pul tapmaýan wagty, Aşgabatda Futzal boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar ministrligine Aşgabat şäherinde Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Bu habaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy futzala degişli sport desgalarynyň we beýleki serişdeleriň ýurtdaky, hususan-da Türkmenabat şäherindäki häzirki ýagdaýy barada habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenabatyň sport dükanlarynda futzal üçin iň arzan pökginiň bahasy 300 manatdan 1000 manada çenli çykýar; ýaş oýunçylar üçin bu sport bilen meşgullanmaga elýeterli mümkinçilik döredilmeýär.

6-njy oktýabrda türkmen prezidenti Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewral – 10-njy marty aralygynda Sport we ýaşlar ministrligine Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilmegine rugsat berdi.

Bu aralykda, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy üstümizdäki ýyl geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäklerinde Eýranyň milli futzal komandasyndan 4:0 hasap bilen ýeňildi.

Azatlygyň habarçysy bu halkara çäre bilen baglylykda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa kompleksinde degişli taýýarlyklaryň başlandygyny habar berýär.

Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirip gelýän wagty, häkimiýetler ýurtda yzygiderli iri halkara sport çärelerini geçirip gelýär.

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin häkimiýetler, Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň-de tassyklamagyna görä, 10 – 15 milliard dollar aralygynda çykdajy etdi. Munuň yzýany 2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Indi türkmenistanlylar üstümizdäki ýyl geçiriljek Halkara Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň geçirilmegine garaşýar.

Azatlygyň türkmenabatly habarçysynyň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabat futzal boýunça iri çärä taýýarlyk görýän wagty Türkmenabadyň futzala degişli sport desgalary hem-de mini futbola niýetlenen meýdançalary gözgyny ýagdaýdadyr.

Onuň sözlerine görä, meýdançalaryň daşyna aýlanan sim torlar ýyrtylypdyr. Azatlygyň habarçysy ençeme ýerli şaýatlara salgylanyp, käbir hökümet edaralarynyň zerurlyk ýüze çykanda mini-futbol meýdançalardaky derwezeleriň turbalaryny söküp alýandyklaryny aýdýar.

Habarçy Türkmenabadyň "Bahar" şäherçesinde ýerleşýän mini-futbol meýdançasynda derwezeleriň ýokdugyny, olara ýazylan emeli otlaryň könelip ýyrtylandygyny, gijelerine agzalýan sport desgalaryndaky yşyklandyryş ulgamlaryň işlemeýändigini aýdýar.

“Wagtyň geçmegi bilen bu yşyklandyryş ulgamlary häzirki wagtda diňe bezeg üçin galdy” diýip, habarçy belleýär.

Türkmenabatly ýaşlar üçin futzal boýunça iň esasy meselelerden biri bolsa, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, futzal pökgisi:

“Türkmenabadyň sport dükanlarynda iň arzan pökginiň bahasy 300 manatdan başlanýar, olaryň iň gymmady bolsa 1000 manatdan hem geçýär” diýip, habarçy belleýär.

“Täze futbol aýakgaplarynyň bahasy bolsa azyndan 100 manada barabardyr. Bu durnukly gazanjy bolmadyk ýaşlar üçin elýetersiz bolýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Azatlygyň habarçysy ýaşlaryň arasynda futzala bolan gyzyklanma bilen gyzyklandy:

“Meýdançalar hemişe boş duranokdy, mundan 4 – 5 ýyl ozalam toplanan toparlar öz gezegine garaşyp, oýnaýardylar. Häzir bolsa top gymmat her kim özüne alyp bilmeýär şonuň üçin emelläp özümiz oňarjak bolýas. Ondan soňra iň esasy zatlar aýakgaby, okuwçylara ene – atalary rugsat bermeýär ‘köwüş ýyrtýaňyz’ diýip” diýip, 22 ýaşly türkmenabatly Atajan aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri ýurtda geçirilýän halkara sport çärelerini mahabatlandyryp habar berse-de, bu mesele bilen bagly ýaşlaryň ýeter-ýetmezçiligini agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG