Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyny belleýär


Illýustrasiýa suraty. Täze we köne türkmen manady hem-de dollar
Illýustrasiýa suraty. Täze we köne türkmen manady hem-de dollar

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edenden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pul birligini – türkmen manadyny dolanyşyga girizdi. Şu gün manadyň 26-njy ýaş güni mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bank işgärlerine we tutuş türkmen halkyna gutlag hatyny iberdi.

“Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi” diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Türkmen manady ilki dolanyşyga girizilende 2 manadyň hümmeti 1 amerikan dollaryna barabardy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol hümmetsizlendi.

Prezident türkmen halkyna iberen soňky gutlagynda milli manadyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak barada agzap geçýär. Ýöne häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Banky 3.5 manadyň hümmetini 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlese-de, soňky 3 ýyldan gowrak wagt bäri ýurda walýutanyň “gara bazary” täzeden dolandy. Onda 1 türkmen manady amerikan dollaryndan tas 18 esse has hümmetsiz.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň 1-nji noýabrda ýetiren maglumatyna görä, “1 dollar 18 manat 80 teňňeden satylýar”

2008-nji ýylda Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy bilen onuň resmi bahasy deňleşdirilipdi.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manady denominirlendi, täze türkmen manady dolanyşyga girizildi. Ondan ozalky 5000 türkmen manadynyň täze türkmen manadyndaky hümmedi 1 manat diýip kesgitlenildi. Ýöne ýurt raýatlary bahalary öňki manatdan hasaplamaga dowam etdi:

“Adamlar täze çykan manady (10 ýyl – red.) öňki manatda hasaplanyny gowy görýär. Mysal üçin, bazarlarda satyjylar bahalary täze manatdan aýtsalar, alyjylaryň köpüsi ‘öňki puldan näçe bolýar’ diýip soraýarlar” diýip, 1-nji noýabrda habarçymyz Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmen manady hümmedini ýitirdi, ýerli ýaşaýjylar bazarlarda harytlaryň gymmatlamagyndan şikaýat edýärler.

Türkmen prezidentiniň halka iberen gutlagynda ýurduň bank ulgamyny sanly ulgama geçirmek barada tagalla edilýändigi aýdylýar. Türkmenistanda soňky 6 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlaryň aýlyk haklary, pensiýalar, talyp haklary, döwlet kömek pullary we beýleki käbir tölegler ilatyň bank hasaplaryna geçirilip başlandy. Ýöne soňky iki ýyla golaý wagt bäri ýurtdan gelip gowuşýan habarlara görä, ýerli ýaşaýjylar bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygyny, bankomatlarda pul tapdyran halatynda onuň öňünde uzyn nobatlaryň emele gelýändigini aýdýarlar, bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Prezident gutlagynda soňky wagtlarda nagt däl hasaplaşygyň gerimiň giňeldilýändigini aýtdy. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýurduň dürli regionlarynda döwlet edaralarynyň kassalarynda işe girizilen, şol sanda birnäçe hassahananyň we dermanhananyň kassasynda oturdylan töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG