Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ösümlik ýagy bir gijede 50% gymmatlady


Döwlet dükanlarynda pagta ýagyny satyn almak üçin nobata duran adamlar, Türkmenistan, oktýabr, 2019
Döwlet dükanlarynda pagta ýagyny satyn almak üçin nobata duran adamlar, Türkmenistan, oktýabr, 2019

Türkmenistanyň paýtagtynda ösümlik ýagynyň bahasy ýene ýokarlandy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, günebakar ýagynyň bahasy bir gije-gündizde 50% ýokarlanypdyr. 6-njy noýabrda irden günebakar ýagynyň 1 litrlik we 870 gramlyk gaby 13 manatdan satylypdyr.

"Ýagy döwlet dükanlarynyň ençemesinde öň 9 manatdan satýardylar. Hem türkmen dilindäki ýazgyly 1 litrlik gaplar, hem-de Orsýetde öndürlen 870 gramlyk gaplar 9 manatdan satylýardy. Indi, şu gün adamlar adatdakysy ýaly, käbirleri ir sagat 4-den başlap nobata düzüldiler, ir sagat 7-de bolsa, ýagyň 50% gymmatlandygy we indi 13 manatdan satylýandygy belli boldy" diýip, habarçymyz 6-njy noýabrda habar berdi.

Bir gün öň Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň ýene biri paýtagtyň dükanlarynda uly nobatlarynyň saklanýandygyny habar beripdi.

"Şu gün irden döwlet dükanynda Orsýetde öndürilen günebakar ýagyny nobat boýunça satdylar. Bir-birden berdiler, 9 manadan, nobatda duran aýallaryň arasynda dawa-jenjel boldy. Olar bir-birini ýagy her gün alyp, satmakda aýypladylar. Beýlekiler özleriniň mugtuna almaýandygyny aýtdylar. Ýagyň bir litrlik we 870 gramlyk gutularynyň bahasy birdi 9 manatdan" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 5-nji noýabrda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň bahasy resmi derejede kesgitlenýär. Adatça bazarlarda we hususy dükanlarda şol bir azyk önümleri birnäçe esse gymmat satylýar. Döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň söwdasy ençeme wagt bäri uly nobatlary döredýär.

Ýaňy-ýakynda pagta ýagy hem üç esse gymmatlady. Oktýabrda pagta ýagynyň bir litri 2,6 manatdan 7,6 manada ýetdi.

Marynyň obasyna 6 aýda birinji gezek ýag geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Pagta ýagyna, onuň hiliniň pesligine garamazdan, ilat arasynda bu önüme isleg köp bolýar. Onuň günebakar ýagyna garanda has arzandygy muňa sebäp bolýar.

Ýurtda ösümlik ýagynyň bahasynyň ýokarlanmagy azyk önümleriniň uzaga çeken gytçylygynyň fonunda ýüze çykdy. Tutuş ýurt boýunça ilat köpçüligi çörek, un, ýag, şeker we ýumurtga ýaly önümleri satyn almak üçin uly nobatlarda durmaly bolýarlar. Käbir ýaşaýyş nokatlarynyň ýaşaýjylarynyň azyk önümleriniň satylyp başlanmagyna garaşýan döwri birnäçe hepdeden başlap, birnäçe aýa çenli çekýär.

Ýurtda azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň azyndan soňky iki ýylyň dowamynda yzygiderli dowam edýändigine garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri bu meseläni agzamaýarlar.

Azyk krizisini resmi taýdan boýun almaýan ýurt ýolbaşçylary ýurtda öndürilýän azyk önümlerini daşary ýurtlara eksport etmek planlaryny yglan edýärler. Ýaňy-ýakynda türkmen habar beriş serişdeleri ýurt üçin adaty bolmadyk kofe ýaly önümleri öndürip, ony eksport etmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG