Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň dürli regionlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy dowam edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda käbir azyk harytlarynyň bahalary ýene-de sähel gymmatlady. Manat dollaryň garşysynda has-da hümmetini ýitirýär. 13-nji noýabrda irden “gara bazarda” dollaryň satlyk bahasy Türkmenabatda 20 manatdan aşdy. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary paýtagt Aşgabatda hem-de Lebap we Mary welaýatlarynda azyk harytlaryň bahalary we olaryň üpjünçiligi barada soňky maglumatlary ýetirýär.

13-nji noýabrda ir bilen Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda dollaryň “gara bazardaky” alyş-çalyş bahasy üýtgedi, dollar 19 manat 40 teňňeden satyn alnyp 20 manat 10-20 teňňeden satyldy. Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, daşary döwletlerden import edilýän harytlaryň bahalary ozalkysyndan sähel gymmatlady.

“1 litrlik “Naş sad” we “J7” miwe soklary ozal 45 manatdan satylýan bolsa, şu gün (13-nji noýabrda – red.) olaryň bahalary 48 manada çykdy. 1 litrlik “Zlata” we “Zolotaýa semeçka” günebakar ýaglary 58 manatdan 60 manat 50 teňňä çykdy. Russiýada öndürilen ýokary hilli unuň 1 kilogramy 13 manat 50 teňňe” diýip, türkmenabatly habarçy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 13-nji noýabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýurda daşary döwletlerden, hususan-da Ukrainadan import edilýän ozal 160 – 210 manat aralygynda bahalanan süýji önümleriniň nyrhlary 10 – 15 manat gymmatlady. Ozal 58 manatdan satylan 200 gramlyk “Clair” we “Pontene Pro-V” şampunlarynyň bahalary 13-nji noýabrda 64 manada çykdy, olaryň 500 gramlygy 122 manat.

Ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen döwlet dükanlarynyň öňünde “un paýogyny” almak üçin nobata garaşýan adamlaryň arasynda dawa-jenjeller döreýär, olary polisiýa aralamaly bolýar. Şeýle wakalaryň biri 13-nji noýabrda Mary şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda, bazara golaý ýerleşýän 65 belgili döwlet dükanynyň öňünde hasaba alyndy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, dükanyň öňünde çarşenbe güni dörän un nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda nobat sanawynyň bulaşmagy sebäpli ýakalaşyk boldy.

“Geçen aý üçin un paýoklaryny alyp bilmedik adamlar bu aýyň nobatyna ýazylman nobatsyz un aljak boldular. Muňa nobata garaşýan adamlar nägile bolup, sögüşip ýakalaşdylar. Döwlet dükanynyň satyjylary adamlary köşeşdirip bilmän, ahyry polisiýa çagyrmaly boldular. Şäher polisiýa bölüminiň 3 polisiýa işgäri gelip, adamlary köşeşdirdi” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Dawalaşan adamlar ýakalaşyp biri-birleriniň ýakalaryny ýyrtýarlar, ýöne barybir un paýok ýygnananlaryň ählisine ýene-de ýetmeýär. Şu hepdäniň içinde ýene-de paýok üçin unuň üpjün ediljekdigini aýdyp, nobata garaşýan adamlar dargadylýar.

Türkmenistanda hususy dükanlarda unuň bahasynyň gymmatdygy sebäpli adamlar onuň 50 kilogramlyk unuň haltasyny 50 manatdan satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde nobata garaşýarlar.

Mundan 1 hepde ozal Marynyň hususy dükanlarynda unuň 50 kilogramlyk haltasy 180 manada, Lebapda bolsa 300 manada çenli çykdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde Aşgabadyň "Teke bazarynda" azyk harytlaryň bahalary barada habar berýär.

Onuň 13-nji noýabrda öwrenen maglumatlaryna görä häzirki wagtda käbir gök-bakja we miwe önümleriniň 1 kilogramynyň Teke bazardaky bahalary şeýle:

  • Kartoşka 5 manat
  • Sogan 3 manat 50 teňňe
  • Pomidor 7-8 manat
  • Hyýar 6-7 manat
  • Mandarin 10 manat
  • Kiwi 10 manat
  • Nar 8-10 manat.

Habarçy alyjylaryň bazarda satylýan mandariniň hilinden şikaýat edýändiklerini aýdýar. Galyberse-de ol bazarda ösümlik ýagynyň ýeter-ýetmezçiliginiň göze ilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda 2 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklary ýurt resmileri agzamaýar.

Ýurtda azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýän wagty, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda resmilerine içerki önümçilige degişli azyk önümleriniň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary döwletlere satmagy tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG