Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marylylar buhanka çöregi üçin daňdan sagat 05-00-dan nobata durýar


Buhanka çöregi.
Buhanka çöregi.

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda azyk ýetmezçiligi bilen bagly problema dowam edýär. Şu günler Mary şäheriniň döwlete degişli dükanlarynda arassalanmadyk pagta ýagy, “Ahal” ýagy, şeker, un, towuk ýumurtgasy we budy tapdyrmaýan mahaly, buhanka çöregi çäkli möçberde käte satuwa çykarylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Marydaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, şäheriň ýaşaýjylary her gün her ele 2 sany satylýan buhanka çöregini almak üçin irden sagat 05:00-dan nobata durup başlaýar.

“Şu gün daňdan Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýerleşýän 8-nji döwlet dükanynyň öňünde 40-a golaý adam üýşdi. Olar bu ýerde buhanka çöregini satyn almakçy boldular, emma dükan resmisi şu gün hökümet tarapyndan hiç bir zadyň arzan nyrhdan satylmajakdygyny aýdyp, nobatdaky adamlary dargatdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren maryly habarçy 7-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şondan soňra adamlar bu ýerden gidip, şol köçäniň ugrunda ýerleşýän döwlete degişli beýleki dükanyň öňünde üýşdiler.

“‘Merw’ dükanynda her ele 2 sany buhanka çöregini satdylar. Çäkli möçberde satuwa çykarylan buhanka çöreginiň her biri 60 teňňä barabar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy şäheriň döwlete degişli dükanlarynyň käbirinde buhanka çöreginiň tapdyrýandygyny, ýöne olaryň 1-2 sagadyň dowamynda satylyp gutarýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Dükana irden sagat 08:00-da barsaň, buhanka çöregini satyn alyp bolmaýar. Döwlete degişli dükanlarda satylýan buhanka çöregi nobata ir baryp duran adamlara ýetýär. Bu dükanlarda halka ýeňillikli bahadan satylýan harytlar tapdyrmaýar, ýagny arassalanmadyk pagta ýagy, ‘Ahal’ ýagy, şeker, ýumurtga, un we towuk budy indi ençeme gün bäri satylmaýar” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt aýda bir gezek paýok görnüşinde berilýän unuň oktýabr aýy üçin berilmeli möçberini alyp bilmeýän raýatlar hem bar. Olar her gün döwlete degişli dükanlara baryp, unuň haçan geljekdigini soraýarlar.

“Dükan işgärleri ‘haçan un geljegi belli däl. Günde habar tutup duruň’ diýýärler. Ýerli un hususy eýeçilikdäki dükanlarda näçe diýseň bolup, ol 180 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda arassalanmadyk pagta ýagynyň, “Ahal” ýagynyň, şekeriň, unuň, towuk ýumurtgasynyň we budunyň gytçylygy güýçli depginde dowam edýär.

Munuň bilen bir wagtda, döwlete degişli dükanlarda satylýan käbir azyk harytlarynyň bahasy hem gymmatlaýar.

6-njy noýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary günebakar ýagynyň bahasynyň bir gije-gündizde 50% ýokarlanandygyny habar berdiler.

"Ýagy döwlet dükanlarynyň ençemesinde öň 9 manatdan satýardylar. Hem türkmen dilindäki ýazgyly 1 litrlik gaplar, hem-de Orsýetde öndürilen 870 gramlyk gaplar 9 manatdan satylýardy. Indi, şu gün adamlar adatdakysy ýaly, käbirleri ir sagat 4-den başlap nobata düzüldiler, ir sagat 7-de bolsa, ýagyň 50% gymmatlandygy we indi 13 manatdan satylýandygy belli boldy" diýip, aşgabatly habarçymyz gürrüň berdi.

Mundan ozal, 5-nji oktýabrda Mary şäherindäki döwlete degişli dükanlarda arassalanmadyk pagta ýagy hem üç esse gymmatlady. Şonda pagta ýagynyň 1 litriniň bahasy 2,6 manatdan 7,6 manada ýetdi.

Türkmen häkimiýetleri döwlete degişli dükanlardaky azyk ýetmezçiligini we gymmatçylygyny resmi taýdan boýun almaýarlar. Şol bir wagtda, olar Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini, şeýle-de ýurt üçin adaty bolmadyk kofe ýaly önümleri öndürip, daşary döwletlere eksport etmek planlaryny yglan edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG