Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Impiçment diňlenişiginiň öňýany Pelosi Trampa “parahorlyk” aýyplamasynyň bildirilip bilinjekdigini aýdýar


Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi
Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi Ukraina dawasynda prezident Donald Trampa “parahorlyk” aýyplamasynyň bildirilip bilinjekdigini aýdýar. Ol munuň bilen şu wagta çenli köpleriň ulanyp gelýän Latynçadaky “kwid pro kwo” termininden has açyk jenaýat adalgasyny ulanyp öňe sürmeleri täzeden kesgitledi.

“Bu parahorlykdyr” diýip, Öýüň ýokary demokraty Trampyň ukrian prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen ýagşylyk sorap, 25-nji iýulda geçiren telefon söhbetdeşligi boýunça 14-nji noýabrda geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

“Prezidentiň kabul edilen hem-de “ajaýyp” diýýän zadyna men örän ýalňyş diýýärin. Bu parahorlykdy” diýip, Pelosi Trampyň “ajaýyp” diýýän hem-de hiç hili bidüzgünçilige yşarat etmändigini aýdan telefon söhbetdeşligine salgylandy.

“Saýlawlara gabat toslama derňew barada açyk beýanatyň öwezine harby ýardamy bermek ýa-da ony çekmek paradyr. Bu parahorlykdyr” diýip, Pelosi aýtdy.

Konstitusiýa “dönükligi, parahorlygy we beýleki uly jenaýatlary hem-de etmişleri” impiç ederlik kanunbozma hökmünde kabul edýär. Köp sanly tankytçy şu wgata çenli “kwid pro kwo” terminini ulanyp gelýärdi, ýöne indi “parahorlyk” “gorkuzyp almak” ýaly amerikanlara düşnükli sözleri ulanýarlar.

Tankytçylar Trampy öz syýasy garşydaşlary barada derňew geçirmegi üçin örän zerur harby kömegi saklap, hem-de täze ukrain liderine Ak tama ýokary derejeli sapar ähtimallygyny hödürläp, Zelenskä basyş etmek bilen öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar.

Bu bellikler demokratlaryň öňbaşçylygynda geçirilýän impiçment diňlenişikleriniň jemgyýetçilige açyk diňlenişiginiň ikinji gününiň bosagasynda aýdyldy. Diňlenişikler Trampyň Kiýew bilen iş gatnaşyklaryny üns merkezine alýar.

Waşington bilen Kiýewiň özara gatnaşyklarynyň merkezindäki şahs bolan ABŞ-nyň öňki ilçisi Marie Ýowanowiçiň 15-nji noýabrda ýerli wagt bilen irden sagat 9-dan başlap, görkezme bermegi meýilleşdirilýär.

Ýowanowiç maý aýynda birden ilçilikden yzyna çagyryldy. Ol Öýüň üç derňew komitetine beren düşündirişinde munuň syýasy matlaply hem-de toslama aýyplamalaryň esasynda edilendigini aýtdy.

Ak tam we prezidentiň goldawçylary islendik hereketiň impiç ederlik jenaýatdygyny ret edýärler, ýöne käbirleri Trampyň Zelenskiý barada aýdan sözleriniň ýerliksiz bolandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG